Microsoft OpenAI-a bolan garaşlylygy aradan aýyrmak üçin öz EA modellerini işläp düzýär

  • 12.04.2025 17:38
  • 1.4k+

Microsoft korporasiýasy OpenAI-a 13,75 milliard dollar maýa goýan hem bolsa, öz emeli aň modellerini işläp düzýär. Bu barada Microsoft AI-yň ýolbaşçysy Mustafa Süleýman aýtdy.

Onuň sözlerine görä, uzak möhletleýin perspektiwada kompaniýanyň bu ugurda garaşsyz bolmagy möhüm, emma her näme-de bolsa OpenAI bilen ýakyn hyzmatdaşlyk, azyndan, 2030-njy ýyla çenli dowam eder.
Süleýman Microsoft-yň maksadynyň öňdebaryjy EA modellerini döretmek däldigini aýratyn belledi.

«EA boýunça örän güýçli toparymyz bar, hasaplaýyş mümkinçiliklerimiz hem örän uly. Emma dünýädäki iň güýçli modeli döretmek üçin tagalla etmek we munuň üçin [ägirt uly] serişdeleri sarp etmek hökman däl. Bu diýseň gymmat we şol tagallalary gaýtalamagyň geregi ýok» — diýip, ol aýtdy.

Onuň pikirine görä, modeli üç gün ýa-da birnäçe aý yza galyp çykarmak bilen hem serişdeleri tygşytlap, bäsdeşlige ukyply galyp bolýar.

«Aslynda bu biziň strategiýamyz – şeýle uly çykdajy talap edýän modeller bilen işleşmegiň şertlerini göz öňünde tutup, ikinji orunlarda güýçli ýagdaýda oýnamak» — diýip, Süleýman aýtdy.

Microsoft bilen OpenAI-yň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyk, bahasy 500 milliard dollar bolan Stargate taslamasynyň işe girizilmegi bilen sowap başlady. Sebäbi şol taslamada OpenAI-yň esasy hyzmatdaşy Oracle-dy. Şeýle-de Microsoft OpenAI-yň iň uly maýadary derejesini hem ýitirdi. OpenAI-yň soňky maliýeleşdiriş tapgyry SoftBank-yň ýolbaşçylygynda geçirildi we şol tapgyrda ChatGPT-niň işläp düzüjileri 40 milliard dollarlyk maýa çekdi.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......