«Türkmenhowaýollary» awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň işini kämilleşdirer

  • 12.04.2025 11:57
  • 12k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň işini kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullady. Degişli teklibi 11-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara guramalar bilen bilelikde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň bütin dünýä boýunça awiasiýa işgärlerini okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmaga, okuw merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlyga, tejribe alyşmaga gönükdirilen ýörite maksatnamasynyň çäklerinde zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzyň howa ulaglary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam eder.


16.05.2026 09:58
8.4k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

11.05.2026 15:51
6.2k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......