Aşgabat milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy kabul eder

  • 12.04.2025 10:33
  • 5.8k+

22 — 25-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy geçirmäge taýýarlyk görülýär. Taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa 11-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda guramaçylykly işler alnyp barylýar. Sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmakda möhüm waka öwrüljek bu halkara ýaryşa daşary ýurtlardan köp sanly sport wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşa gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.


22.06.2026 17:52
5.3k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....