Iň kuwwatly V8 hereketlendirijili 50 BMW Skytopy-yň ählisi satyldy: her biriniň bahasy $500 müň

  • 12.04.2025 08:23
  • 7.8k+

Nýurburgring ýolunda BMW Skytop kupesiniň ýol synaglary tamamlandy. Model markanyň taryhynda iň seýrek modelleriň biri boldy, tiraž bary-ýogy 50 nusga bilen çäklendirildi. Awtomobilleriň ählisi eýýäm satyn alyndy diýip, ITHome habar berýär.

Ulag 625 at güýjüni berýän goşa turbinaly 4,4 litrlik V8 hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Öndürijiniň nygtamagyna görä, bu “iň kuwwatly V8 hereketlendirijisi”. Awtoulag 3,3 sekuntda tizligini sagatda 100 km çenli artdyrýar. Hereketlendiriji 8 basgançakly awtomatik hereket gutusy bilen bilelikde işleýär.
Skytop-yň dizaýny BMW 507 Roadster we Z8 modellerinden ylham aldy. Kupe ýiti çyzyklara, inçe faralara, ýagtylyk saçýan radiator gözenegine we inçe Blade yzky çyralaryna eýe boldy.


Salon kaşaňlyk elementleri bilen retro-stilde ýerine ýetirildi: gyzyl-goňur deri ulanylýar, iDrive ulgamy bolsa nusgawy görnüşi saklaýar.
Önümçilik Dingolfingdäki zawodda el bilen amala aşyrylýar, bu ýerde BMW 3.0 CSL hem ýygnalýar. Modele konseptden başlap, çykýança 15 aý gerek boldy.
Skytop-yň bahasy, takmynan, 500 000 dollar. Ulag eýelerine 2025-nji ýylyň ahyryna çenli gowşurylar.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......