Saudi Aramco Saud Arabystanynda täze nebit we gaz ýataklarynyň üstüni açdy

  • 12.04.2025 08:11
  • 7k+

Saudi Aramco Saud Arabystanynyň Gündogar sebitinde we Rub-el-Hali çölünde nebitiň we gazyň sekiz ýatagynyň hem alty ýerasty gorunyň tapylandygyny habar berdi. Bu barada Saud Arabystanynyň energetika ministri, şazada Abdulaziz ben Salmana salgylanyp, SPA agentligi habar berýär.

Gündogar sebitde Arab Extra Light nebit görnüşiniň üç ýatagynyň üsti açyldy: Jabu, Sayahid we Ayfan. Şeýle-de, eýýäm belli bolan Berri we Mazalij ýataklarynda Jubaila we Unayzah-A nebit gorlary tapyldy.
Bu ýerde iki gaz ýatagy hem tapyldy – Ghizlan we Araam. Mundan başga-da, Mihwaz ýatagynda adaty bolmadyk Qusaiba gaz gory tapyldy. 
Rub-el-Halide üç nebit ýatagy ýüze çykaryldy: Nuwayr, Damda we Qurqas. Guýulardan Arab Medium nebit görnüşi alynýar. Damda ýatagynyň gorlarynyň biri hem Arab Extra Light nebitini berdi.
Marzouq gaz ýatagynda üç gor ýüze çykaryldy: Upper Jubaila, Arab-C we Arab-D.


düýn 11:54
3.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.3k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......