Ferrari 12Cilindri 2025-nji ýylyň iň owadan maşyny diýlip ykrar edildi

  • 11.04.2025 16:39
  • 7.8k+

«Ferrari 12Cilindri» modeli «Car Design Award 2025» atly abraýly baýragyň «Seriýaly awtoulaglar» kategoriýasy boýunça ýeňiji boldy. Ol bu baýragyň ugrunda «Bugatti Tourbillon» we «KIA EV3» ýaly güýçli bäsdeşlerini yzda galdyrdy. Bu baýrak 1984-nji ýyldan bäri gowşurylýar we awtoulaglaryň dizaýnynyň ösüşine goşant goşan modellere berilýär diýip, «Auto & Design» žurnaly habar berýär.

Ýeňijini saýlan emin agzalary «Ferrari 12Cilindri» modeliniň 1950-nji we 1960-njy ýyllaryň klassyky «Ferrari V12» ruhuny häzirki zaman aerodinamiki çözgütler bilen ajaýyp utgaşdyrýandygyny aýtdylar. Olar bu modelde nepisligiň we sport häsiýetiň sazlaşykly jemlenendigini aýratyn belläp geçdiler.


Beýleki kategoriýalarda «Lotus Theory 1» konsept awtoulagy bilen Renault kompaniýasynyň dizaýn topary ýeňiş gazandy. Renault-yň topary ähli modelleriniň täsirli we innowasion stil dili bilen eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Ferrari bu ugurda indi bäşinji gezek ýeňiji bolýar. Ozal bu baýrak Ferrari-niň «Testarossa», «Roma», «296 GTB» we «Purosangue» modellerine hem berlipdi. «12Cilindri-niň» bu gezekki ýeňşi bolsa, häzirki döwrüň klassyky ruh bilen sazlaşýan täze dizaýna ýokary baha berýändigini ýene bir gezek tassyklaýar.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......