Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň çärýek finalynyň birinji duşuşyklarynyň netijeleri

  • 11.04.2025 09:54
  • 6.7k+

Penşenbe güni agşam we anna gününe geçilýän gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynda hem-de Konferensiýalar ligasynda – Ýewropanyň ikinji we üçünji derejeli klub ýaryşlarynda çärýek finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi.

Ýewropa ligasynda dört oýnuň üçüsi deňme-deň gutardy. Diňe Norwegiýanyň "Budö-Glimt" topary garşydaşyndan üstün çykyp, jogap duşuşygyna artykmaçlyk bilen barýar – olar öz meýdanlarynda Italiýanyň "Lasiosyny" 2:0 hasaby bilen utdular.
"Lion" bilen "Mançester Ýunaýtediň" arasyndaky duşuşyk dartgynly boldy – toparlar duşuşygyň soňky pursatlarynda biri-birine gol geçirdiler we netije 2:2 boldy. "MÝ" 90+5-nji minutda gol geçirdip, ýeňşi elden gidirdi.
Şeýle-de, "Reýnjers" bilen "Atletik Bilbaonyň" arasyndaky oýun 0:0 hasaby bilen tamamlandy, "Tottenhem" bilen "Aýntarht" bolsa 1:1 oýnady.
Çärýek finalyň jogap duşuşyklary 17-nji aprelde, ýarym final duşuşyklary 1-nji we 8-nji maýda, final bolsa 21-nji maýda Ispaniýanyň Bilbao şäherinde geçiriler.

Ýewropa Ligasy – Çärýek final, ilkinji duşuşyklar (10-njy aprel)
Bodö-Glimt (Norwegiýa) – Lasio (Italiýa) – 2:0
Gollar: Saltnes, 47, 69

Lion (Fransiýa) – Mançester Ýunaýted (Angliýa) – 2:2
Gollar: Almada, 25, Şerki, 90+5 – Ýoro, 45+5, Zirkze, 88

Reýnjers (Şotlandiýa) – Atletik Bilbao (Ispaniýa) – 0:0
Gyzyl kart: Propper, 15 (Reýnjers)

Tottenhem (Angliýa) – Aýntarht (Germaniýa) – 1:1
Gollar: Porro, 26 – Ekitike, 6


Konferensiýalar ligasynda bolsa ýer eýeleri ýeňiş gazandy
Konferensiýa Ligasynda bolsa netijeler garaşylyşy ýaly boldy – ýeňşe ýakyn hasaplananlar ýeňiş gazandy.
"Çelsi" Polşada "Legiýany" 3:0 hasaby bilen ýeňdi. "Fiorentina" myhmançylykda "Selene" garşy 2:1 üstün çykdy. "Betis" öýünde "Ýagelloniýany" 2:0 ýeňdi, "Rapid" bolsa Şwesiýada "Ýurgordeni" 1:0 hasaby bilen ýeňdi.
Jogap duşuşyklary 17-nji aprelde, ýarym finallar 1-nji we 8-nji maýda, final bolsa 28-nji maýda Polşanyň Wroslaw şäherinde geçiriler.
Konferensiýa Ligasy – Çärýek final, ilkinji duşuşyklar (10-njy aprel)
Legiýa (Polşa) – Çelsi (Angliýa) – 0:3
Gollar: Jorj, 49, Madueke, 57, 74

Betis (Ispaniýa) – Ýagelloniýa (Polşa) – 2:0
Gollar: Bakambu, 24, Hesus Rodriges, 45+2

Çele (Sloweniýa) – Fiorentina (Italiýa) – 1:2
Gollar: Delorýe-Şobe, 68 (penalti) – Ranýeri, 27, Mandragora, 62 (penalti)

Ýurgorden (Şwesiýa) – Rapid (Awstriýa) – 0:1
Gol: Findell, 62 (öz derwezesine gol)


düýn 17:07
7k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.6k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.8k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.1k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....