Hytaýda 13-nji aprelde taryhda ilkinji gezek gumanoid robotlaryň ýarym marafony geçiriler

  • 10.04.2025 14:53
  • 6.9k+

2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde Hytaýda dünýäde ilkinji gezek gumanoid (adam şekilli) robotlaryň gatnaşmagynda ýarym marafon geçiriler diýip, «CGTN» teleýaýlymy habar berýär. Täsin ýaryş Pekiniň günortasynda ýerleşýän E-Town diýlip atlandyrylýan ykdysady we tehnologik ösüş zolagynda geçiriler.

Ýaryşa hem android robotlar, hem-de adamlar gatnaşar. Olar bilelikde 21,09 kilometrlik aralyga ylgarlar. Robotlar bilen adamlar bir wagtda ylgap başlasa-da, howpsuzlyk üçin olaryň ýollary aýratyn bolar.
Ýarym marafondan öň alty robot öndüriji topar hasaba alyndy, olar ähli gatnaşyjylaryň, takmynan, dörtden birini düzýär. Ylgaw ýolunyň ugrunda robotlar üçin tehniki hyzmat ediş nokatlarynyň ýedisi gurnalar, ol ýerlerde her toparyň öz tehniki bilermeni ýerleşer. Sebäbi, robotlar ylgaw wagty batareýalarynyň çalşylmagyna mätäç bolarlar – bu ýagdaý «Formula-1» ýaryşlarynda ulaglaryň tigirlerini çalyşmak üçin pit-leýne girmegine meňzeýär.
Ýaryşyň düzgünnamasynda her bir batareýa çalşygy üçin robotlara 10 minutlyk jerime bermek göz öňünde tutulýar. Düzgünlere görä, ýaryşa doly awtonom işleýän androidler hem, uzakdan simsiz dolandyrylýan ulgamly modeller hem gatnaşyp biler. Mart aýynyň ahyrynda toparlar synag ylgawlaryny geçirdiler – şol döwürde robotlaryň biri tutuş aralygy, takmynan, 2 sagat 52 minutda geçmegi başardy.
Ýaryşda dürli görnüşli robotlar çykyş eder – olaryň arasynda başda ylgamak üçin döredilmedik köp maksatly modeller hem bolar, şeýle-de ýörite ylgamak üçin döredilen robotlar hem gatnaşar. Şolardan biri hem «Tiangong» atly android robotdyr. Ol mundan öň hem adamlar bilen bilelikde ýarym marafona gatnaşypdy. 2024-nji ýylyň noýabrynda finiş çyzygyna 100 metr galanda ýaryşa gatnaşyjylaryň arasyna goşulyp, olar bilelikde finiş çyzygyny geçipdi. Onuň işläp düzüjilerine görä, robotlar ylgaw ýaryşlarynda türgenlere dürli ugurlarda ýardam edip hem bilerler. Mysal üçin, olar türgenlere hemişelik tizligini saklamaga ýardam berýän peýsmeýker bolup hyzmat edip bilerler.
Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän «Tiangong-yň» boýy 163 sm, agramy bolsa 43 kg. Ol sagatda 12 kilometr tizlikde ylgap bilýär – bu iki aýakly gumanoid androidleriň arasyndaky iň ýokary görkezijidir. Şeýle-de ol dürli ýollarda hereket edip bilýär: eňňitlerden, basgançaklardan, otly we çägeli ýerlerden hem geçip bilýär.


18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....