Hytaýda emeli aňyň kömegi bilen 1600 ýyllyk söýgi golýazmasy dikeldildi

  • 23.10.2025 13:02
  • 4.3k+

Pekin uniwersitetiniň alymlary emeli aňyň kömegi bilen, takmynan, 1600 ýyl mundan ozal meşhur hytaý kalligrafy Wan Sýançži tarapyndan ýazylan söýgi barada gadymy golýazmany dikeltdi. Bu barada South China Morning Post habar berýär.

“Lo derýasynyň hudaýyna oda” (“Louşen Fu”) atly eser bölekleýin ýitirilen diýlip hasaplanýardy: IV asyrdaky asyl nusgadan diňe dördünji bölegi saklanyp galypdy.
Dikeltmek işini Hytaý şriftlerini işläp taýýarlamak we öwrenmek merkeziniň hünärmenleri boýun aldy. Olar Wan Sýançžiniň saklanyp galan “On üç setir nefrit” eserini alyp, asyl kalligrafiýanyň stilini saklamak bilen, emeli aň arkaly ýetmeýän ieroglifleri dikeltdi.
Netijede, 919 ieroglifden ybarat bolan “Louşen Funuň” doly nusgasy peýda boldy.
Çžeszýan uniwersitetinden professor Sýue Lunçun netijäniň hatda gadymy ýazuw boýunça hünärmenleri-de haýran galdyrandygyny aýtdy. Ol dikeldilen nyşanlaryň asyl nusganyň stiline mümkin boldugyndan ýakyndygyny belläp geçdi.
Nepis sungat akademiýasynyň ylmy gözlegçisi Sýu Saýçžen hem bu işi haýran galdyryjy diýip atlandyrdy.
Taslama Pekin uniwersitetiniň hytaý ýazuwy boýunça köpýyllyk gözlegleriniň dowamy boldy. Ieroglifleri kompýuteriň kömegi işlemek boýunça ilkinji tejribeler 1970-nji ýyllarda professor Wan Çuanyň ýolbaşçylygynda geçirilip başlandy. 2005-nji ýylda uniwersitetde Şrift dizaýn merkezi açyldy we bu ýerde täze şriftleri döretmek we gadymy tekstleri dikeltmek üçin EA ulanylyp başlandy.


04.06.2026 18:42
5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....