Bridgestone ýapon kompaniýasy Aýda ýöremek üçin polat tekerleri işläp taýýarlady

  • 10.04.2025 13:26
  • 5.3k+

Bridgestone ýapon kompaniýasy kiçi we orta ölçegli Aý rowerleriniň ýöreýiş ukybyny kämilleşdirmäge synanyşýar. Şu maksat bilen, olar ikinji nesil tekerleriň tutuşlygyna polatdan ýasalan iki täze görnüşini işläp taýýarladylar.

Adaty rezin tekerler Aýdaky şertler üçin ýaramly däl. Sebäbi rezin aşa sowuk we yssy temperaturalara garşy durnuksyz. Şeýle-de ol ultramelewşe şöhlelerine duýgur, üstesine-de aşa agyr we çeýeligi ýeterlik däl.
Täze döredilen teker metal protektordan we çeýe goldaw beriji içki gurluşdan ybaratdyr. Tekerleriň biri ýeňil rowerler üçin niýetlenen, onuň spisalary az. Ikinjisi bolsa, orta ölçegli enjamlar üçin işlenip düzülen, uzak wagtlap hyzmat etmäge ukyply we optimal agramy bilen tapawutlanýar.
Iki model hem Bridgestone tarapyndan 2024-nji ýylda görkezilen ikinji nesil tekeri ýada salýar. Şol wagt polat tor we çeýe karkas ulanylypdy. Ondan tapawutlylykda, birinji nesil teker doly ýapyk gurluşlydy.
Täze nusgalar 7-10-njy aprel aralygynda ABŞ-nyň Kolorado-Springs şäherinde geçirilýän 40-njy kosmos simpoziumynda görkeziler. Bridgestone bu çärä Japan Space Industry ekspozisiýasynyň düzüminde gatnaşar.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
13k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

29.05.2026 16:35
6.8k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......

15.05.2026 09:20
6.7k+

Toyota täze başlan sürüjiler üçin Corolla-nyň elýeterli okuw wersiýasyny çykardy

Ýaponiýada Toyota Corolla-nyň "Driving School" diýlip atlandyrylýan täze modifikasiýasy çykaryldy. Bu ýöriteleşdirilen wersiýa ýörite ýerli sürüjilik mekdepleriniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin......