Ues Andersonyň “Finikiýa shemasy” filminiň ilkinji treýleri çykdy. Ilkinji görkezilişi 30-njy maýda bolar

  • 10.04.2025 13:19
  • 2.3k+

Focus Features kinokompaniýasy Ues Andersonyň ýakynda çykjak “Finikiýa shemasy” filminiň ilkinji treýlerini çykardy. Filmiň dünýäde ilkinji görkezilişi 30-njy maýda bolar.

Anderson filmde ýene ýyldyz aktýorlary: Benisio Del Torony, Mia Tripltony, Maýkl Cerany, Tom Henksi, Braýan Krenstony, Riz Ahmedi, Skarlett Ýohanssony, Benedikt Kemberbetçi we başgalary oýnatdy.
Filmde Ýewropanyň iň baý adamlaryndan biri we onuň gyzy bilen çapraz gelýän gatnaşyklary barada gürrüň berilýär.
Režissýor filmiň edebi esasyny Roman Koppola bilen bilelikde ýazdy, olar bilelikde eýýäm birnäçe taslamada: “Itler adasynda”, “Fransuz habarçysynda”, “Darjilinge barýan otluda” we “Dolan Aý şalygynda” hyzmatdaşlyk edipdiler. Koppola soňky filminiň edebi esasy üçin 2013-nji ýylda “Oskara” dalaşgär görkezilipdi.
“Finikiýa shemasyny” relizden öň 13-24-nji maý aralygynda geçiriljek Kan film festiwalynda görkeziler diýlip garaşylýar.
Andersonyň öňki doly metražly “Asteroidler şäheri” filmi 2023-nji ýylda çykyp, 53,8 million dollar girdeji gazandy. Şol ýylyň oktýabr aýynda režissýor “Genri Şugaryň ajaýyp hekaýaty” atly gysga metražly filmi çykardy we bu film üçin “Iň gowy gysga metražly film” kategoriýasynda “Oskar” baýragyny aldy.


şu gün 08:41
273

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.3k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

06.06.2026 16:07
6.5k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......