ÇL-iň 1/4 finalynyň ilkinji oýunlarynda “Barselona” “Borussiýany”, “PSŽ” “Aston Willany” utdy

  • 10.04.2025 11:54
  • 9.3k+

Penşenbe gününe geçilen gije bolan Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň ilkinji oýunlarynda “Barselona” öýünde Dortmundyň “Borussiýasyny” uly hasap bilen utdy (4:0), “Pari Sen-Žermen” bolsa Birmingemiň “Aston Willasyndan” üstün çykdy (3:1).

Barselonadaky duşuşykda hasaby 25-nji minutda Rafinýa açdy, has dogrusy, ol goly Pau Kubarsiden ogurlady diýseňem bolýar. Braziliýaly winger katalon toparynyň goragçysynyň urgusyndan soň asyl hem derwezä girip barýan topy derweze çyzygyndan depip goýberdi. Şol bir wagtyň özünde Rafinýa bu epizodda ofsaýddan birnäçe santimetr daşda boldy.
Oýundan soň braziliýaly Kubarsiden ötünç sorandygyny aýtdy.

“Paudan ötünç soradym, sebäbi, meniň pikirimçe, top derwezä girip barýardy. Ol bu barada biynjalyk däldigini we asistden hoşaldygyny aýtdy. Men ofsaýd bolmasyn diýip alada galdym” – diýip, Rafinýa aýtdy.

Ikinji ýarymyň başynda braziliýaly oýunçy ýene-de özüni görkezdi, ol kelle bilen gowy geçirim etdi we bu mümkinçilikden Robert Lewandowski peýdalandy. 66-njy minutda polşaly ikinji goluny girizdi, soňky hasaby bolsa 77-nji minutda Lamin Ýamal kesgitledi.
Lewandowski iki goluň netijsinde Çempionlar ligasynyň taryhynda üç dürli klubuň – Dortmundyň “Borussiýasynyň”, “Bawariýanyň” we “Barselonanyň” düzüminde bir möwsümde 10 we ondan köp gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.
Toparlaryň arasyndaky jogap oýny bir hepdeden bolar.

Pariždäki “Park de Prensde” geçirilen beýleki bir duşuşykda birinji bolup hasaby birmingemli myhmanlar açdy. Goly öz adyna “Aston Willanyň” wingeri Morgan Rojers ýazdy (35-nji minut). Ýöne iňlis toparynyň begenji bary-ýogy dört minut dowam etdi – “PSŽ” Dezire Dueniň goly bilen hasaby deňledi.

Ikinji ýarymyň başynda parižliler hüjümçi Hwiça Kwarasheliýanyň owadan golundan soň (49) öňe çykdy, oýunda gutarnykly hasaby Nunu Mendeş kesgitledi. Hasap “PSŽ-niň” peýdasyna 3:1 boldy.
Bularyň arasyndaky ýeňiji bir hepdeden belli bolar.


düýn 23:41
2.7k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.5k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......