Saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy öz işini tamamlady

  • 09.04.2025 16:31
  • 4k+

8-nji aprelde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly guralan saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy öz işini tamamlady.

Iki günlük foruma Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň, şol sanda Halkara okuw-ylmy merkeziniň, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, welaýat Saglygy goraýyş müdirlikleriniň hünärmenleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Germaniýaly hyzmatdaşlar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde başlangyçly çemeleşmesi hem-de bildirilýän uly ynam üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, saglygy goraýşyň ählumumy meselelerini çözmek boýunça täze çemeleşmeleri gözlemek babatda netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler. Germaniýaly hünärmenler ýola goýlan dialogy giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, türkmen kärdeşleri bilen toplan tejribelerini, täze ylmy-amaly işläp taýýarlamalaryny paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Forumyň ahyrynda taraplar häzirki zaman lukmançylygynyň wajyp meseleleri boýunça geçirilen dialogyň netijeli häsiýetini belläp, bu pikir alyşmalaryň ilatyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.



15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......