Şumaheriň meşhur ulagy Monako Gran-Prisinde auksiona çykarylar

  • 09.04.2025 14:48
  • 2.2k+

2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Monako Gran-Prisine kwalifikasiýa tapgyryna birnäçe minut galanda Mihael Şumaheriň meşhur Ferrari F2001 ulagy auksiona çykarylar.

№211 şassili Ferrari F2001 ýaryşlaryň geçýän dynç günlerinde auksiona çykarylar. Bu “Formula 1” möwsüminiň gyzgalaňly wagty, hereketlendirijileriň sesiniň we bäsdeşlik howasynyň astynda ilkinji gezek awtoulagyň satuwy geçer.
Monako Tribune neşiriniň bellemegine görä, ony geçirmek üçin bu ýeriň saýlanmagy ýöne ýerden däldir. Hut şu Ferrari-iň rurulnyň başynda Şumaher 2001-nji ýylda Monako Gran-Prisinde ýeňiji bolupdy. Biraz soňra şol awtoulagda Wengriýada ýeňiş gazanyp, dördünji çempionlyk adyny alypdy. Bu Şumaheriň Monakoda ýeňiş gazanan we şol möwsümde çempionlygy getiren ýeke-täk awtoulagydyr.
23-nji maýdan başlap F1 Paddock Club™ -nyň myhmanlary ulagy ýörite sergide görüp bilerler. Awtoulag 2024-2025-nji ýyllarda doly dikeldildi we ýene-de ajaýyp tehniki ýagdaýda. Onuň V10 hereketlendirijisi minutda 17 000 aýlaw etmäge ukyply.
Bu awtoulag Mihael Şumaheriň Ferrariniň şol döwürdäki esasy şahsyýetleri Žan Todt, Ross Braun we Rori Birn bilen hyzmatdaşlygynyň netijesi boldy.
Satuwdan alnan girdejiniň bir bölegi Şumaheriň haýyr-sahawat başlangyçlaryny goldaýan Keep Fighting Foundation gaznasyna gönükdiriler. Lotuň bahasy aýan edilmeýär, ýöne hünärmenler bahanyň ýokary boljakdygyna şübhelenmeýärler.


29.05.2026 23:29
4.3k+

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

03.04.2026 14:50
3.5k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....

01.04.2026 14:15
3.6k+

Üç tigirli Formula-1-iň stilindäki sport awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmak üçin taýýarlanýar

Amerikanyň Ryn Motors kompaniýasy “Formula 1” awtoulaglarynyň stilinde dizaýn edilen FP3 sport ulagyny işläp düzýär. Awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat bermek meýilleşdirilýär....

06.02.2026 13:09
1.1k+

McLaren onunjy Konstruktorlar kubogynyň şanyna 10 sany superkar çykarar

McLaren britan brendi Formula-1-de "Konstruktorlar Kubogynda" gazanan onunjy ýeňşiniň hormatyna çäkli mukdardaky Artura Spider Championship Edition superkaryny hödürledi. Bu awtoulaglardan dünýä boýunça diňe 10 sany öndüriler...