Türkmenistanda geçiriljek TESC 2025 halkara ylmy-amaly maslahata hasaba alyş başlandy

  • 09.04.2025 14:38
  • 1.7k+

2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler (TESC 2025).

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününde geçiriljek bu forumy «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri guraýar. Foruma şeýle BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumy (GECF), Halkara energetika agentligi hem-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi ýaly halkara guramalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
«TESC-2025» maslahaty dünýäniň dürli künjeklerinden döwlet işgärlerini, ylmy hünärmenleri, işewür ýolbaşçylary hem-de halkara ekologik guramalaryň wekillerini bir ýere jemlär.
«TESC-2025« halkara ylmy – amaly maslahata hasaba alynyş başlandy. Geçen ýyl bu maslahata 31 döwletden 250 sany wekil gatnaşdy. Maslahat nebit-gaz pudagynyň hünärmenleri üçin wajyp waka bolup, bilim we tejribe alyşmak üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat eder. Maslahata gatnaşmak tölegsiz bolup, halkara wekiller üçin mugt wiza goldawy berler. «TESC-2025« maslahatyna gatnaşmak üçin hasaba alyş resmi web saýtda elýeterli.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....