Volvo 20 sany ýeňil awtoulagy zarýadlap bilýän «daşarky akkumulýatory» hödürledi

  • 09.04.2025 13:53
  • 3.1k+

Volvo Energy kompaniýasy akkumulýator batareýalaryna esaslanýan PU500 atly energiýa saklaýyş ulgamyny hödürledi. Bu barada «Electrek» neşiri habar berýär.

Bu çözgüt dürli şertlerde, aýratyn-da adaty elektrik torlarynyň elýeterli bolmadyk ýerlerinde ygtybarly elektrik çeşmesini üpjün etmek üçin niýetlenendir.
Volvo PU500 ulgamy, takmynan, 500 kWt·sag sygymly akkumulýator bilen enjamlaşdyrylandyr we bu sygymy 540 kWt·sag çenli ýokarlandyrmak mümkinçiligi bar. Bu ulgam gurluşyk meýdançalaryny, tebigy betbagtçylyklaryň zyýanlaryny aradan aýyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, hatda saz festiwallary ýaly uly çäreleri elektrik togy bilen üpjün etmek üçin ýeterlikdir. Enjamyň esasy aýratynlygy, dürli tehnikalar – elektromobillerden agyr enjamlara çenli tehnikalar bilen utgaşykly, 240 kWt kuwwatly hemişelk toguň enjamyň içinde bolmagydyr.
Öndürijiler ulgamynyň köpugurlylygyna we tizligine aýratyn üns berdiler. PU500 agyr enjamlary, meselem elektrik ýük ulagyny ýa-da ýük göterijini iki sagatdan az wagtda zarýadlap biler. Akkumulýatoryň sygymy günde üç sany ýük ulagyny ýa-da 20 sany ýeňil elektrik awtoulagyny doly zarýadlamak üçin ýeterlikdir.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.9k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......