Amazon Starlink-e meňzeş hemra internetini çykarýar

  • 08.04.2025 22:45
  • 2.3k+

Amazon kompaniýasy Project Kuiper taslamasynyň çäklerinde öz hemra internetini ösdürip başlar. 2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde kompaniýa ilkinji 27 hemrany orbita çykarar.

Hyzmaty işletmek üçin jemi 3000-den 3200-e çenli Kuiper Atlas 1 (KA-01) apparaty gerek bolar.
Amazon 2023-nji ýylda eýýäm üç synag hemrasyny uçurdy. Indi köpçülikleýin ýagdaýda uçuryp başlanmak bilen, eýýäm şu ýylyň ahyryna çenli hemra interneti elýeterli bolar. Ilkibaşda ol birnäçe ýurtda, soň bolsa ol tutuş dünýäde ýaýrar.
Amazon-yň taslamasy Ilon Maskyň birnäçe ýyl bäri işläp gelýän Starlink-ine meňzeýär.
Kompaniýa üç tizlik görnüşini hödürlär: esasy - 100 Mbit/s-a çenli, orta - 400 Mbit/s-a çenli we iň ýokary - 1 Gbit/s-a çenli. Birikmek üçin tizlige bagly üç stansiýanyň biri gerek bolar. Hyzmatlaryň bahasy entek aýan edilmedi.


27.05.2026 15:30
1.7k+

«Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» serialynyň III möwsümi noýabrda çykar

Amazon MGM Studios kompaniýasy «Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» (Властелин колец: Кольца власти) serialynyň üçünji möwsüminiň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Prime Video platformasynda......

12.05.2026 14:49
4.3k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

05.05.2026 23:24
3.4k+

Tehasyň ýaşaýjylary raketalaryň sesi zerarly SpaceX-iň üstünden arz etdiler

Tehas ştatynyň ýaşaýjylary raketalaryň synag uçuşlary mahalynda emele gelýän güýçli ses tolkunlarynyň öýlerine zeper ýetirýändigini aýdyp, SpaceX kompaniýasynyň üstünden arz etdiler. Bu barada Texas Tribune......

20.02.2026 11:25
2.5k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...