Kawasaki hakyky «demir aty» – tigirleriň ýerine aýaklary bolan we bökmegi başarýan motosiklini görkezdi

  • 08.04.2025 16:33
  • 6k+

Kawasaki ýapon kompaniýasy şahsy ulaglaryň täze görnüşini – CORLEO atly demir aty hödürledi. Bu «motosiklde» tigirleriň deregine, çeýe asma ulgamy bolan dört sany aýak bar. Ol eýeri, üzeňňidäki aýak bilen dolandyryşy we hereket ediş usuly bilen at çapmagy ýada salýar.

CORLEO konsepti Osaka şäherinde (Ýaponiýa) geçiriljek EXPO 2025 sergisinde görkeziler. Häzirki wagtda diňe enjamyň kompýuter animasiýasy bar.
Kawasaki-niň aýtmagyna görä, CORLEO «sürmekden lezzet alýanlar» üçin örän gymmatly bolar. Oňa münen adam özüni ulagyň bir bölegi ýaly duýýar. Ony meýdanlarda we daglyk ýerlerde ýokary tizlikde çapyp bolýar, şeýle hem dik eňňitlere, daglara çykyp, jülgelerden we derelerden böküp bolýar.
CORLEO-nyň herekete getiriji ulgamy elektriklidir. Energiýany 150 sm³ göwrümli wodorod hereketlendirijisi öndürýär. Emeli aň tarapyndan dolandyrylýan «demir at» hemişe eýeriň we oňa münýäniň deňagramlylygyny saklaýar. Aýaklarynyň ujundaky rezinden we plastikadan ýasalan toýnaklary dürli şertlerde-de ýere berk ýapyşýar.
CORLEO-ny rul, üzeňňi, şeýle-de eýerde bedeniň ýagdaýyny üýtgetmek arkaly dolandyryp bolýar. Enjam paneli ýoluň ugrundaky belgileri görkezýär we garaňkyda hereket etmäge kömek edýär.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.7k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....