Microsoft “Başlat” menýusynyň bir sahypaly täzelenen görnüşini synagdan geçirýär

  • 08.04.2025 15:08
  • 1.2k+

Microsoft “Başlat” (Start) menýusynyň täze dizaýnynyň üstünde işleýär. Ol indi iki bölegiň deregine bir bitewi ýokaryk-aşak geçirilýän sahypany hödürleýär. Onda berkidilen programmalar, ähli programmalaryň sanawy we teklipler ýerleşdirilen.

Täzelenme Dev we Beta synag wersiýalarynda göze ildi. Ony insaýder @phantomofearth tapdy. Sahypanyň ýokarsynda berkidilen programmalar we teklipler, aşagynda “Ähli programmalar” sanawy bolar. Täze dizaýn goşmaça sahypalaryň arasyndaky geçişi çalşyp, menýunyň ulanylmagyny has amatly eder.
Şeýle-de, ulanyjylar sazlamalaryň üsti bilen “Maslahat berilýänler” (Рекомендуемое) bölümini öçürip biler: “Sazlamalar” > “Şahsylaşdyrma” > “Başlat”. Ýöne bu “Ýolbeletde” (Проводник) soňky faýllaryň görkezilmegini hem aýrar.
Wizual taýdan stil öňküligine galdy, ýöne birneme beýik we giň boldy. Bu goşmaça menýulara bolan zerurlygy aradan aýryp, interfeýsi has ýönekeýleşdirýär.
Häzirlikçe täzelenmäniň Windows 11 ulanyjylary üçin haçan çykjakdygy belli däl. Onuň eýýäm synagdan geçirilýändigini göz öňünde tutsaň, ol şu ýyl ornaşdyrylyp bilner.


17.03.2026 20:39
708

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...