Hyundai täzelenen Ioniq 6 elektrosedanyny görkezdi

  • 08.04.2025 14:06
  • 2.5k+

Hyundai konserni Seoul Mobility Show sergisinde täzelenen «Ioniq 6» elektrosedanyny görkezdi. Bu model täzelenen daşky dizaýny we kämilleşdirilen interýeri bilen tapawutlanýar. Resmi maglumatlara görä, «Ioniq 6 N Line» modelinden soň, tiz wagtdan doly sport görnüşi – «Ioniq 6 N» hem hödürlener diýip, «Top Speed» neşiri habar berýär.

Ilkinji suratlara görä, elektrokaryň daşky görnüşindäki esasy üýtgeşme täze yşyklandyryş ulgamy bilen baglanyşykly. Öňki adaty blok faralaryň deregine indi iki basgançakly faralar bar: «Ioniq 6-nyň» kapotynyň töwereginde piksel görnüşli gündizki çyralar peýda boldy, esasy yşyklar bolsa täzeden işlenip düzülen bamperiň içine ýerleşdirildi. Awtoulagyň yzky bölegi bilen baglanyşykly doly suratlar entek görkezilmedi, ýöne öndürijiler onuň aerodinamiki aýratynlyklarynyň has-da gowulaşandygyny aýdýarlar.
Salon bilen baglanyşykly hem birnäçe üýtgeşme bar: mysal üçin, täze rul ornaşdyryldy. Mundan başga-da goşmaça funksiýalar üçin dolandyryş düwmeleri täze tertipde ýerleşdirildi we täze USB portlar goşuldy.

«Ioniq 6 N Line» wersiýasy has agressiw görnüşli bamperleri we aýratyn dizaýndaky tigir diskleri bilen tapawutlanar. «Ioniq 6 N» bolsa häzirlikçe diňe bölekleýin görkezildi. Suratlarda guýrugy ýada salýan spoýleri, uly sport görnüşli arka ganaty we diffuzora meňzeş detallary göze ilýär. Çaklanylmagyna görä, bu elektrokar «Ioniq 5 N» modelindäki 650 at güýjüni öndürýän güýç ulgamy bilen enjamlaşdyrylar.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......