Durmuş baradaky «inZOI» oýnunyň satuwy bir hepdede milliondan geçdi

  • 07.04.2025 18:31
  • 2.7k+

Günorta koreýaly Krafton kompaniýasynyň durmuşy baradaky «inZOI» atly täze simulýatory (kompýuter oýny) çykanyna bary-ýogy bir hepde geçensoň, Steam platformasynda milliondan gowrak nusgada satyldy. Bu barada oýny işläp düzüjiniň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Oýun 28-nji martda Steam platformasynda irki elýeterlilik görnüşinde çykaryldy we bary-ýogy 40 minutdan soň platformanyň iň meşhur oýunlarynyň sanawynyň başyna geçdi.
4-nji aprel ýagdaýyna görä, inZOI häzirki wagtda elýeterli bolan ähli ýurtlarda Steam-de iň köp satylan oýun bolmagynda galýar. Şeýle hem oýun oňyn teswirleri almaga dowam edýär.
Oýnuň Steam-däki teswirleriniň 83%-i oňyn. Ulanyjylar grafikasynyň gowudygyny, gahrymanlaryň gowy işlenip taýýarlanandygyny belleýärler, ýöne mazmunyň azdygyny we käbir tehniki näsazlyklaryň bardygyny hem aýdýarlar.
inZOI oýnunyň esasy aýratynlygy – hakyky grafika bilen çuň kastomizasiýany (şahsylaşdyrmany) utgaşdyrmagydyr. Esasy bäsdeşi The Sims oýnunyň multfilm äheňinden tapawutlylykda, inZOI Unreal Engine 5 hereketlendirjisi arkaly tas kinodaky ýaly grafikalary bilen çykyş edýär.

şu gün 20:58
977

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

şu gün 19:11
1.3k+

«Türkmentelekom» edara-kärhanalara wirtual Call-center hyzmatlaryny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy döwlet we hususy guramalara ýüz tutmalary kabul etmek hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen Call-center......

şu gün 19:04
2k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

düýn 23:12
3.3k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......