Durmuş baradaky "inZOI" oýny çykanyndan 40 minut soň Steam-de iň köp satylan oýun boldy

  • 31.03.2025 19:32
  • 3.5k+

Durmuşy görkezýän "inZOI" atly täze simulýator (kompýuter oýny) çykarylandan bary-ýogy 40 minutdan soň Steam platformasynyň global satuw sanawynda birinji orna geçdi. Şeýle çalt üstünlik hatda meşhur oýunlarda-da seýrek duş gelýär.

Bu oýun heniz resmi ýagdaýda çykmanka-da uly islegden peýdalanypdy. inZOI-niň oýny uzak wagtlap Steam-iň iň köp islenýän oýunlarynyň sanawynda öňdeligi eýeledi. Onuň demo wersiýasy müňlerçe oýunçynyň ünsüni özüne çekdi. Oýun 40 dollardan satuwa çykansoň we mugt täzelenmeler barada wada berlensoň, oňa bolan gyzyklanma has hem artdy.
Oýnuň döredijisi Günorta Koreýanyň inZOI Studio topary oýna giňişleýin şahsylaşdyrma ulgamyny girizdi. Oýunçy 250 dürli daşky keşbi we 400 mental häsiýeti saýlap bilýär. Ýerli görnüşde işleýän generatiw emeli aň bulut hyzmatlaryny ulanmazdan, özboluşly keşpleri döretmäge mümkinçilik berýär.
Oýun Unreal Engine 5 hereketlendirijisiniň esasynda işlenip düzülendigi sebäpli, gurnamak we oýnamak üçin güýçli kompýuter gerek, emma oýun şoňa görä-de örän jikme-jik dünýäni hödürleýär.

«inZOI-niň esasy aýratynlygy – doly funksional jemgyýetiň simulýasiýasydyr. Oýundaky keşplere Zoi diýilýär. Her bir Zoi özüçe ýaşaýar, islän hereketlerini edýär we islän gatnaşyklaryny gurýar. Zoiler öz şahsy häsiýetlerine we durmuş tejribelerine görä hereket edýärler, bu bolsa garaşylmadyk wakalara getirýär. Mysal üçin, gürrüňleriň ýaýramagyna, täze tendensiýalaryň döremegine ýa-da keselleriň ýaýramagyna sebäp bolup bilýar» — diýip, oýnuň döredijileri belleýärler.

Oýunçylar inZOI-de ulag sürüp, smartfonyň kamerasynyň kömegi bilen öz mimikalaryny sanly keşbe geçirip, şeýle hem islendik suratdaky ýa-da şekildäki zatlary mebellere ýa-da aksessuarlara öwrüp bilýärler.
Oýunda örän giňişleýin işlenip düzülen keşp redaktory bar. Onda islendik keşbi döredip bolýar, hatda öz ýüzüňi skanirläp, özüňe meňzeş keşbi hem döredip bolýar. Şeýle hem oýunda öý haýwanlary bar – olary iýmitlendirmeli, ideg etmeli we oýnatmaly. Ösen söweş ulgamy girizilen, şeýle-de hakyky durmuşdaky ýaly, herekete baglylykda heläkçilikli ýagdaýlar bolup bilýär (meselem, oýunçy elektrik togunyň urmagy netijesinde ýogalyp bilýär). Oýunda keşpler erkin hereket edip bilýärler: oýunçy islese kanuna boýun bolup ýaşaýan adam hem bolup bilýär, islese jenaýatçy bolup, beýleki oýunçylary talap ýa-da bankomatlary döwüp hem bilýär. Şeýle-de eger polisiýa oýunçyny tutsa, kanunyň ähli agyr talaplaryna laýyklykda ol jeza çekmeli bolýar.
inZOI eýýäm Twitch-de iň meşhur 5 oýnuň hataryna girdi we Steam-de 3600-den gowrak «Örän oňyn» baha aldy.
Bu üstünlik, esasanam, The Sims seriýasynyň köp ýyllap durmuş simulýasiýasy žanrynda agalyk edendigini göz öňünde tutsak, has-da üns çekýär. Oýunçylaryň köpüsi uzak wagtdan bäri The Sims-e alternatiwa gözläp gelýärdi. Başlangyjyny göz öňünde tutup aýtsak, koreý studiýasynyň bu žanryň standartlaryny üýtgetmek üçin uly mümkinçiligi bar.

düýn 23:12
1.4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
2.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.2k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
967

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......