Tesla näbelli uçýan obýektiň äheňinde zarýad stansiýasyny gurar

  • 07.04.2025 18:37
  • 5.7k+

Tesla kompaniýasy öz muşdaklaryna we kosmos höwesjeňlerine geň galdyryjy täzeligi taýýarlaýar: ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynyň Rozuell şäherinde UFO-dan (näbelli uçýan obýektden) ylham alnyp taýýarlanan dizaýny bilen täze Supercharger zarýad stansiýasy peýda bolar. Bu barada «Teslarati» habar berýär.

Rozuell şäheri 1947-nji ýylda Korona şäherçesiniň golaýynda, näbelli jisim ýere gaçansoň meşhur bolýar. Hökümet onuň «meteozonddygyny» aýtsa-da, «uçýan tarelka» barada dörän myş-myşlar Rozuell şäherini ufologik turizmiň merkezine öwürýär.
Tesla bu taryhy wakadan döredijilikli peýdalanyp, futuristik görnüşde stansiýa döretmegi makul bildi. Täze nawesiň aşagynda sekiz sany zarýad posty ýerleşer.
MarcoRP atly insaýderiň bellemegine görä, bu taslama diňe bir üýtgeşik dizaýny bilen däl, eýsem peýdaly aýratynlyklary bilen hem tapawutlanýar: nawes 20,88 kWt kuwwatly gün panelleri we RGB yşyklandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylar. Tesla-nyň Demirgazyk Amerikadaky zarýad infrastrukturasy bölüminiň ýolbaşçysy Maks de Zeger kompaniýanyň käbir Supercharger zarýad stansiýalaryny şeýle bir ajaýyp etmek isleýändigini aýtdy welin, olaryň özleri ýörite gezelenç bilen gelip görmäge mynasyp bolar.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......