Patyşa Karl III Londonyň gök önüm orkestriniň agzalary bilen käşirde saz çaldy

  • 07.04.2025 00:38
  • 11k+

Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III Londonyň meşhur gök önüm orkestriniň (LVO) agzalary bilen käşirde saz çaldy.

Monarh Windsor galasynda ýurduň aýdym-saz jemgyýetlerine bagyşlanan kabul edişlikde sazandalara goşuldy diýip, Daily Mail habar berýär.
Berkşirdäki çäre 350 töweregi myhmany ýygnady.
LVO özüni "Beýik Britaniýada diňleýjilere öýde öndürilýän güýmenje hödürleýän ýeke-täk kollektiw" hökmünde häsiýetlendirýär. Orkestriň hünärmen sazandalary gök önümlerden saz gurallaryny ýasaýarlar.
Şeýle-de bolsa, LOV dünýäde ýeke-täk şeýle topar däl. Ozal wenaly şuňa meňzeş orkestr 344 konserti ýerine ýetirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Sazandalar gurallaryny her çykyşdan öň täze gök önümlerden ýasaýarlar we galan önümlerden bolsa  çorba taýýarlaýarlar.
76 ýaşly monarh mümkin boldugyça käşirde çagalaryň “Twinkle, Twinkle, Little Star” hüwdi sazyny ýerine ýetirdi. Sazandarlar oňa kartoşkada we beýleki gök önümlerde sazandarlyk etdiler. Tomaşaçylar çykyşy güýçli el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Ondan öň, mart aýynyň başynda Karl III Apple Music-de öz pleýlistini paýlaşdy. Onda Kaýli Minougyň, Bob Marliniň, Greýs Jonsyň we Rayeniň aýdymlary bar. Aýyň ahyrynda şa "rak keseli bejerilendäki wagtlaýyn täsirler" sebäpli birnäçe güni keselhanada geçirdi. Onuň kesel kesgidi barada 2024-nji ýylyň fewral aýynda mälim bolupdy.


16.05.2026 22:44
6k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.5k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
945

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......