Niderlandly dizaýner Dýuran Lantink International Woolmark Prize 2025 baýragyny aldy

  • 06.04.2025 22:38
  • 2.7k+

Niderlandly dizaýner Dýuran Lantink abraýly International Woolmark Prize 2025 baýragyny aldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy Milanda geçirildi diýip, baýragyň web sahypasynda habar berilýär.

Onuň dalaşgärligini Donatella Wersaçe, Ib Kamara, Alessandro Sartori, Alessandro Dell Akwa we Daniel Goldberg ýaly abraýly eminler goldady.

"Moda bolan söýgim çagalygymdan bäri gelýär, ejemiň otagyna girip, köýneklerini ogurlap, kesişdirip, täzeden tikerdim. Men forma, ussatlyga köp üns berýärin we dünýä täze pikirleri getirmäge çalyşýaryn” -  diýip, Lantink baýragy alandan soň gürrüň berdi.

“Biz tutuksy dünýäde ýaşaýarys, Dýuran bolsa däp-dessura we futurizmiň anarhist duýgularyna hormat goýmak bilen, şeýle zerur gujury, degişme duýgusyny we optimizmi döredýär” diýip, emin agzalarynyň eden saýlawyna teswir berdi.

Ýeňiji 188 müň dollar möçberinde baýrak alar.
Baýraga Lantinkden başga-da Raul Lopes, Reýçel Skott, Maýkl Stýuart, Lui-Gabriel Noçi, Ester Manas, Baltazar Delepýer we Merill Rogge dagy dalaş etdi. 


düýn 23:49
1.4k+

Louis Vuitton we Pinarello bilelikde welosiped nusgasyny döretdiler

Louis Vuitton kompaniýasy konseptual welosiped döretdi. Ol Parižde geçirilýän Moda hepdeliginiň çäginde Louis Vuitton-yň erkekler üçin 2027-nji ýyl ýaz-tomus toplumynyň görkezilişinde tanyşdyryldy....

11.06.2026 13:03
7.6k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....