Ekwadorda ilkinji kolonial şäheriň harabalyklary tapyldy. Ol ýertitremesi sebäpli ýitipdir

  • 06.04.2025 22:18
  • 3.2k+

Ekwadoryň Milli medeni miras institutynyň (INPC) arheologlary ilkinji kolonial şäheriň galyndylaryny tapdylar. Ol kolonizasiýanyň başynda gurlan eken diýip, Heritage Daily habar berýär.

Şäher häzirki Riobamba kantonynyň ýerinde ýerleşipdir. 1534-nji ýylda ispan basyp alyjysy Diýego de Almagro bu ýerde Riobamba diýlip atlandyrylýan ilkinji şäherçäni esaslandyrypdyr. Ol 1797-nji ýylda güýçli ýertitreme sebäpli weýran bolýança, takmynan, 150 ýyl ýaşapdyr. Ýertitremesiniň merkezi hut şu şäheriň çäginde bolupdyr.
Tebigy betbagtçylyk netijesinde ýer süýşüp, şäher weýran bolupdyr we goňşy ilatly nokatlara - Guaranda, Ambato, Latakunga, Sakisilä we Banýosuwa düýpli zyýan ýetiripdir. Betbagtçylykdan soň şäher başky ornundan 14 km uzaklykda gaýtadan gurlupdyr.
Arheologlar gazuw-agtaryş işleri wagtynda iýezuit buthanasynyň daş düşelen howlusyny, gurluşyk üçin daş köwlüp alynýan hennegi, daş düşelen suw kanallaryny, binagärlik bezegini, gap-gaçlary we peçleri tapdylar.


04.06.2026 18:07
7.4k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6.1k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......