Ýyldyzlar nähili ses edýär? Alymlar ýyldyzlaryň sesini gaýtalamagy öwrendiler

  • 06.04.2025 21:20
  • 5.1k+

Astronomlar galaktikamyzda ýerleşýän käbir ýyldyzlaryň özboluşly «owazlary» goýberýändigini ýüze çykardylar. Bu «owazlar» ýyldyzlaryň hem-de galaktikamyzyň ösüş taryhyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. «Nature» žurnalynda çap edilen ylmy barlagyň netijelerine görä, ýyldyzlaryň ýagtylygy dowamly bolup geçýän «ýyldyztitremeler» sebäpli, kähalatlarda üýtgeýär.

Gözlegiň ýolbaşçysy, Awstraliýanyň milli uniwersitetinden doktor Klaudiýa Reýesiň aýtmagyna görä, ýyldyzlaryň her biri aýratyn saz guraly ýaly, hersiniň özboluşly owazy bar.

«Ýyldyztitremeler ýyldyzyň ýagtylygynyň yzygiderli üýtgemegine sebäp bolýar. Bu gysgajyk tolkunlary öwrenmek arkaly, biz ýyldyzyň sazly ritmini eşidip bilýäris. Bu tolkunlar sazyň notalaryna meňzeýär. Her bir ýygylyk bize ýyldyzyň ululygy, onuň himiki düzümi we içki gurluşy barada gürrüň berýär» — diýip, ol düşündirýär.

Her bir ýyldyzyň içinde «peji» ýada salýan, ýadro reaksiýalary bolup geçýän bölüm bolýar. Bu reaksiýalar arkaly elementler emele gelýär, soň bolsa olar kosmosa zyňylýar. Ýyldyzyň ýaşy ulaldygyça, massasy ýa-da içki gurluşy üýtgedigiçe, şol reaksiýalaryň geçýän ýerlerem ýa giňelýär, ýa-da daralýar. Netijede, ýyldyz sese öwürmäge ukyply, dürli-dürli ýygylykdaky tolkunlary ýaýradyp başlaýar.
Gözlegiň dowamynda, alymlar galaktikamyzda ýerleşýän «M67 açyk toplumyndaky» ýyldyzlary öwrendiler. Bu toplumdaky ýyldyzlar şol bir wagtda, şol bir molekulýar bulutdan döräpdir. Şonuň üçin-de olaryň himiki düzümi hem, ýaşy hem birmeňzeş.
Alymlar bu toplumdaky ýyldyzlaryň belli bir tapgyra ýetenlerinde, goýberýän ýygylyklarynyň birsalym durýandygyny, soň gaýtalanýan ýaly bolup, ýene dowam edýändigini ýüze çykardylar. Doktor Reýes bu ýagdaýy «plato» diýip atlandyrýar. Plato ýyldyzyň massasyna we onuň metal düzümine baglylykda, belli bir ýygylykda, belli bir gatlakda ýüze çykýar.

«Bu bize platonyň haçan we haýsy ýygylykda ýüze çykjakdygyny çaklamaga we ýyldyzlaryň ýaşyna takyk baha bermäge mümkinçilik berýär» — diýip, gözlegiň awtory aýdýar.

Bu gözleg ýyldyzlaryň kemala gelşini has aýdyň göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär, şeýle-de olaryň ýaşyny has takyk kesgitlemek üçin täzeçe usuly hödürleýär. Bular bolsa, öz gezeginde, galaktikamyzyň taryhyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......