Aston Martin patyşanyň resmi awtoulagy boldy: 112 ýyldan bäri ilkinji gezek

  • 06.04.2025 18:55
  • 6.6k+

1913-nji ýylda esaslandyrylany bäri, Aston Martin ilkinji gezek Beýik Britaniýanyň patyşalyk gerbini ulanmak hukugyna eýe boldy. Onuň Alyhezretiniň üpjün edijisi diýen dereje Karl III tarapyndan 2024-nji ýylyň maý aýynda berildi. Bu indi brendiň «ganatly» nyşany bilen bilelikde, Beýik Britaniýanyň täç nyşanyny resmi taýdan ulanyp biljekdigini aňladýar diýip, «Classic Driver» neşiri habar berýär.

Aston Martin kompaniýasynyň baş direktory Edrian Hollmark bu wakany «brendiň britan gelip çykyşlydygyny we inženerçilik sungatyna goşan goşandyny görkezýän hormat» diýip atlandyrdy. Kompaniýanyň patyşa maşgalasy bilen baglanyşygy hakykatdanam çuňňur: Edinburgyň gersogy Lagonda brendli awtoulagy 1954-nji ýylda satyn alypdy, Karl III bolsa köp wagtdan bäri DB6 Volante modeline eýeçilik edýär we 1973-nji ýyldan bäri, bu brendiň eýeler klubunyň agzasy bolup durýar.
Aston Martin patyşa maşgalasynyň agzalaryny dabaraly çärelere ençeme gezek ugratdy, şol sanda 2022-nji ýyldaky Arkalaşyk Oýunlarynyň (Commonwealth Games) açylyş dabarasynda hem. Patyşalyk nyşanynyň berilmegi uzak ýyllaryň dowamyndaky gatnaşyklarynyň nyşany we brendiň Beýik Britaniýanyň milli taryhyndaky ornunyň ykrar edilmegidir.


31.01.2026 09:10
4.3k+

Britaniýanyň awtoulag senagaty 1956-njy ýyldaky derejä çenli pese gaçdy

2025-nji ýylda Beýik Britaniýanyň awtoulag önümçiligi soňky 70 ýylyň içinde iň pes derejä düşdi. Bu çökgünlige iri öndürijä amala aşyrylan kiberhüjüm, zawodlaryň ýapylmagy we ABŞ-nyň täze gümrük paçlary sebäp boldy diýip, Bloomberg agentligi habar berýär...

21.01.2026 10:59
2.4k+

Londonyň meşhur etraplary Range Rover-iň ýörite modellerinde janlandyryldy

Land Rover kompaniýasy Britaniýanyň paýtagtynyň iň meşhur ýerlerine bagyşlanan Range Rover awtoulaglarynyň eksklýuziw tapgyryny tanyşdyrdy. Bu täze seriýanyň ilkinji wekilleri bolan Range Rover Evoque Hoxton we Range Rover Velar Belgravia ýazyň ahyrynda satuwa çykarylar...

02.06.2025 13:34
5.4k+

Porsche gyssagly ýagdaýda we düşündiriş bermezden Beýik Britaniýada Taycan modelini satuwdan aýyrdy

Porsche Beýik Britaniýada 2019-2023-nji ýyllarda çykan Taycan-yň ähli ulanylan modelleriniň satuwyny togtatdy. Dilerler öndürijiniň ulagyň haýal etmän satuwdan aýrylmagy barada gyssagly buýruk berendigini aýtdy...

28.05.2025 14:04
15k+

Toyota kompaniýasy GR Corolla-nyň önümçiligini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer

Toyota Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin niýetlenen GR Corolla sport hetçbeginiň önümçiliginiň bir bölegini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer. Kompaniýa Derbişir graflygynyň Býornaston şäherindäki zawodda ýörite önümçilik hataryny döretmek üçin, takmynan, 56 mln dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýar...