«PSŽ» möhletinden öň Fransiýanyň çempiony boldy: taryhynda 12-nji, yzygider dördünji gezek

  • 06.04.2025 16:05
  • 6k+

5-nji aprelde «PSŽ» Fransiýanyň çempionatynyň 28-nji tapgyr duşuşygynda «Anženi» 1:0 hasaby bilen ýeňip, möhletinden öň Fransiýanyň çempiony boldy. "PSŽ" üçin bu eýýäm yzygider dördünji çempionlykdyr. Duşuşyk Pariždäki «Park de Prens» stadionynda geçirildi.

Duşuşykdaky ýeke-täk goly 55-nji minutda «PSŽ-niň» ýarymgoragçysy Dezire Due geçirdi.
«PSŽ» soňky gezek çempionlygy 2020/2021 möwsüminde elden gidiripdi. Şol wagt «Lill» çempion bolupdy, parižliler bolsa ikinji orny eýeläpdi.
Belläp geçsek, «PSŽ» Fransiýanyň Liga 1-inde iň köp çempion bolan klub hökmünde rekordyny saklaýar. Paýtagtyň kluby 12 gezek ýurduň çempiony boldy. Bu görkeziji boýunça ikinji orunda 10 gezek çempion bolan «Sent-Etýen» durýar.


düýn 10:24
5.4k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

düýn 08:15
4.1k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
9.4k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.6k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......