Xiaomi ilkinji gezek bir aýda 30 müňe golaý elektromobil satdy. Ösüş hytaýly öndürijileriň ählisinde bar

  • 06.04.2025 12:58
  • 3.6k+

Xiaomi 2025-nji ýylyň mart aýynda 29 müňden gowrak elektromobil satyp, täze rekord goýdy. Kompaniýa soňky bäş aýyň hersinde 20 müňden köp elektromobil satdy diýip, «CNBC» neşiri habar berýär.

«Bloomberg» neşiriniň maglumatlaryna görä, ýokary islegi kanagatlandyrmak üçin, Xiaomi Pekindäki zawodynyň önümçilik kuwwatyny artdyrar. Şeýle-de ýatlatsak, Xiaomi 18-nji martda öň meýilleşdirilen 300 müň ulaga derek 350 müň elektromobil öndürmegi maksat edinýändigini mälim edipdi.
Xpeng martda 33 müňden gowrak elektromobil satdy – geçen ýyl bilen deňeşdirilende bu 268% ýokarydyr. Kompaniýa bäş aý bäri, her aý 30 müňden gowrak ulag satyp gelýär. Onuň üstünligine esasy goşandy «Mona M03» atly elýeterli bahaly modeli goşdy.
Leapmotor martda 37 müňden gowrak elektromobil satdy, bu hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 154% ýokarydyr. Li Auto 36 müň awtoulag satyp, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 26% ösüş gazandy, ýöne onuň satuwy öňki aýlara garanyňda birneme azaldy.
BYD kompaniýasy bolsa geçen aý 371 müňden gowrak ýeňil awtoulag satdy. Bu görkeziji geçen ýylkydan 58% ýokarydyr. BYD şeýle-de daşary ýurt döwletlerine 72 müňden gowrak awtoulag eksport etdi. Kompaniýa geçen aý täze tiz zarýad beriş tehnologiýasyny – bary-ýogy 5 minutda 400 km ýol üçin zarýad berýän «Super e-Platform-y» tanyşdyrypdy.
Nio we Zeekr ýaly beýleki öndürijiler hem ösüş gazandy – mart aýynda hersi 15 müňden gowrak elektromobil satdy.
Tesla hem mart aýynda 78 müňden gowrak elektromobil satdy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,5% azdyr.
Ýylyň birinji çärýeginde (ilkinji üç aýynda) BYD 986 müň awtoulag satyp, liderligini saklady. Tesla bolsa, birinji çärýekde 172 müň elektromobil satdy. Geçen ýyl girdejisi boýunça Tesla-dan öňe geçen BYD şu çärýekde hem, ähtimal, elektromobilleriň satuwy boýunça amerikan kompaniýasyny yzda galdyrar. Xpeng-iň birinji çärýekdäki satuwy 331% artdy we 94 müň boldy. Leapmotor hem 87 müň elektromobil satyp, iki esse ösüş gazandy. Şeýle-de birinji çärýekde Nio 42 müň, Li Auto bolsa 92 müň elektromobil satdy.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......