Ilkinji “polýar” kosmos ekspedisiýasy bolan Fram2-ä gatnaşyjylar Ýere gaýdyp geldi

  • 06.04.2025 12:46
  • 2.7k+

4-nji aprelde SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon gämisi Fram2 missiýasyna gatnaşyjylar bilen Ýere gaýdyp geldi.

Ekipaž orbitada 3 gün we tas 15 sagat boldy. Bu ekwator tekizligine 90° gyşarma bilen polýar orbitasyna ilkinji ekipažly uçuş boldy. Şeýle orbitadan astronawtlar 400 km-den gowrak belentlikden Ýeriň iki polýusyna-da syn edip bilýärdi.
Meýilleşdirilişi ýaly, bu missiýa üçin ulanylan Crew Dragon C207 Resilience gämisi orbitadan çykmak üçin tormoz berip, gerekmejek tehniki bölegini taşlady we Ýeriň atmosferasyna girdi. Gämi aşak düşmegiň soňky minutlarynda ilki tormoz, soňra esasy paraşýutlaryny goýberdi we paraşýutlaryny açdy. 21:19-da (Aşgabat wagty) enjam Ýuwaş ummanda Kaliforniýanyň kenarynda gondy.
Bu ekipažly Crew Dragon-yň bu sebitde ilkinji gonuşy boldy – ozal olar Atlantikde we Meksika aýlagynda gonýardy.


Bortda Maltanyň asly hytaýly raýaty Çun Wan (missiýanyň komandiri we hemaýatkär), norwegiýaly dokumentalist Ýannik Mikkelsen (gäminiň komandiri), awstraliýaly polýar gözlegçisi Erik Filips (uçarman) we robototehnika ugrunda germaniýaly gözlegçi Rabea Rogge bardy. Olaryň hemmesi kosmosda ilkinji gezek boldy.
Gämi halas ediş gämisiniň bortuna galandan soň, ekipaž daşarky kömek bolmazdan kapsulany özbaşdak terk etdi. Bu astronawtlaryň kosmosa gysga möhletli we uzak möhletli uçuşlardan soň fiziki mümkinçiliklerine baha bermek boýunça tejribäniň bir bölegi boldy. Şeýle maglumatlar Aýa we Marsa geljekki missiýalar üçin ýygnalýar.


Missiýa wagtynda ekipaž birnäçe ylmy gözlegleri geçirdi, şol sanda 2017-nji ýylda açylan polýar şöhlelenmelerini ýada salýan STEVE (Strong Thermal Emission Velocity Enhancement) atmosfera hadysasyna syn edildi. STEVE asmanda uzyn ýagty zolaklar bolup, olaryň tebigaty heniz doly öwrenilmedi. Şeýle-de, Fram2 ekipažynyň agzalary kosmosyň adam organizmine täsirini öwrenmek boýunça 20-den gowrak tejribe geçirmeli, kosmosda ilkinji rentgen suratyny almaly we agramsyzlyk şertlerinde kömelek ösdürip ýetişdirmelidi. Arakesmelerde astronawtlar polýar orbitasyndan täsirli wideolary düşürdi.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......