Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýanyň ilçileriniň ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi

  • 06.04.2025 11:31
  • 3.2k+

3-nji aprelde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Wenada Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileriniň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Söhbetdeşler üç ölçegde ÝHHG-niň giň gün tertibini we Merkezi Aziýanyň Helsinki dekalogyny ilerletmekdäki ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine sebit howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, ulag we söwda aragatnaşygy, adam hukuklary, hukugyň hökmürowanlygy, demokratik institutlar bilen bagly meseleler girizildi.
Türkmenistanyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmegi baradaky başlangyç giňişleýin beýan edildi.
Şeýle hem 2025-nji ýylyň dowamynda diplomatiýa, dialog, medeni özara gatnaşyklar, söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk arkaly halklaryň arasynda ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen köp sanly çäreler geçiriljekdigi bellenildi.


düýn 11:41
2.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......