ABŞ-da dünýäniň iň kiçi uçýan roboty döredildi

  • 05.04.2025 20:56
  • 6k+

ABŞ-nyň Kaliforniýa uniwersitetiniň Berkli şäherindäki inženerleri dünýäniň iň kiçi uçýan robotyny işläp düzdüler. Alymlar bu enjamy döretmek üçin mör-möjeklerden ylham aldy. Bu barada uniwersitetiň resmi web sahypasynda bellenilip geçilýär.

Kiçijik robotyň diametri bary-ýogy 9,2 mm, agramy bolsa – 21 mg. Enjam kiçijik propeller görnüşinde bolup, iki sany ownuk magnitden ybarat. Daşky magnit meýdanynyň täsiri bilen bu magnitler biri-birine çekilýär we yza iteklenýär. Hut şu mehanizm kiçijik robotyň howa göterilmegini üpjün edýär.
Ol howada asylyp durmaga, ugruny üýtgetmäge we kiçi nyşanalary urmaga ukyply. Enjamy simsiz dolandyrmak mümkin. Şonuň üçin ony belli bir obýekte tarap golaýlaşdyryp hem bolýar. Inženerleriň bellemegine görä, robot daşyndan seredeniňde ary ýa-da çybyn ýaly görünýär.
Geljekde bu enjam ösümlikleri tozanlandyrmak we barmasy kyn ýerlere gözegçilik etmek üçin, şeýle-de gözleg-halas ediş operasiýalarynda ulanylyp bilner. Inženerler enjama has kämil dolandyryş ulgamyny goşmagy meýilleşdirýärler.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......