ABŞ-da ysmaz adamlaryň pikirlerini häzirki wagtda okaýan neýrointerfeýs döredildi

  • 05.04.2025 13:04
  • 3.4k+

Amerikan neýrofiziologlary doly ysmaz adamlaryň pikirlerini okaýan we derrew kompýuteriň ekranynda görkezýän ýa-da dinamikler arkaly ses berýän neýrointerfeýsi döretdiler.

Ysmazlara daşarky dünýä bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän işläp taýýarlaýyş San-Fransisko şäherindäki Kaliforniýa uniwersitetiniň professory Edward Çangyň ýolbaşçylygyndaky newrofiziologlar toparyna degişli. Bu barada Nature Neuroscience žurnalynda çap bolan makalada beýan edildi.
Ulgam beýniniň herekete jogap berýän böleginden gelýän signallary seljermek arkaly diliň koduny açýar.

"Biziň ulgamymyz minimal gijä galmak bilen, müňden gowrak sözi tanap, ekranda görkezip, şol bir wagtyň özünde dinamikler arkaly ses bermäge ukyply" –diýip barlagçylar ýazýarlar.

Alymlar enjamy işletmek üçin 253 elektrod ulandylar. Olary 18 ýyl ozal insultdan soň ysmaz bolan 47 ýaşly amerikaly zenanyň beýnisine ýerleşdirdiler. Zenandan iň köp ulanylýan 1024 sözi pikirinde aýtmagy haýyş etdiler. Bu döwürde barlagçylar beýniniň herekete jogap berýän böleginiň işjeňligindäki üýtgeşmeleri yzarladylar we ýazylan maglumatlary onlaýn ýaýlymlary terjime etmekde ulanylýan RNN-T neýroulgamlary diýlip atlandyrylýan bazanyň esasynda gurlan AI ulgamyny taýýarlamak üçin maglumatlar bazasy hökmünde bellediler.
Neýrointerfeýs çalt we takyk, minutda 48 sözi işleýär. Bu göni aragatnaşyk üçin niýetlenen gaty haýal öňki enjamlardan has çalt. Alymlaryň sözlerine görä, täze tehnologiýa beýleki neýrointerfeýsleriň esasy kemçiligini - söz tanamakda uzak gijä galmagy aradan aýyrýar.
Barlagçylar olaryň işläp taýýarlamasy ysmaz kesellileriň beýlekiler bilen arkaýyn aragatnaşyk saklamagyna kömek eder diýip umyt edýärler. Geljekde olar şuňa meňzeş enjamlaryň döredilmegini çaltlaşdyrmak üçin ulgamy kämilleşdirmegi meýilleşdirýärler.


düýn 16:10
3k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
1.9k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.9k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
970

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....