DeepSeek ChatGPT-den öňe geçip, iň çalt ösýän emeli aň guraly boldy

  • 04.04.2025 17:06
  • 3.1k+

Hytaýyň DeepSeek atly startapynyň çat-boty iň çalt ösýän emeli aň guraly boldy. «Aitools.xyz» analitika platformasynyň maglumatlaryna görä, bu startapyň çat-boty fewral aýynda 524,7 million gezek zyýarat edilip, ChatGPT-niň 500 millionlyk zyýaratyndan öňe geçdi. Bu barada «Economic Times» neşiri habar berýär.

DeepSeek näçe çalt össe-de, ol häzirlikçe ChatGPT-den we Canva-dan soň dünýäde iň köp ulanylýan üçünji emeli aň guraly bolup durýar. Şol bir wagtda-da onuň bazardaky paýy 2,34%-den 6,58%-e çenli ýokarlandy, bu bolsa onuň meşhurlygynyň çalt artýandygyny görkezýär. Fewral aýynda DeepSeek çat-botuna jemi 792,6 million gezek girildi, ony ulanýan ulanyjylaryň sany bolsa 136,5 milliona ýetdi.
Hasabatda bellenilmegine görä, 43,36 million gezek zyýarat edilme bilen Hindistan DeepSeek-iň iň uly trafik çeşmeleriniň dördünjisi boldy.
Umuman, fewral aýynda emeli aň gurallaryna jemi 12,05 milliard gezek girildi, dürli emeli aň gurallary bilen täsirleşen ulanyjylaryň sany bolsa 3,06 milliard boldy.
«Aitools.xyz» platformasynyň maglumatlaryna görä, ol häzirki wagtda 171 kategoriýa boýunça 10 müň 500-den gowrak emeli aň gurallaryny yzarlaýar. Fewral aýynda DeepSeek çat-bot bazarynda 12,12% paý eýeledi we bu ugurda diňe ChatGPT-den yzda galdy.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.7k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......