«Ýyldyz söweşlerinden» Çubakkanyň arbaleti 768 müň dollara satyldy

  • 04.04.2025 17:04
  • 7.6k+

Asyl «Ýyldyz söweşleri» (Звёздные войны) trilogiýasyndaky Çubakkanyň arbaleti auksionda 768 müň dollara satyldy. Söwda bäsleşigini Propstore kompaniýasy gurnady diýip, «Variety» neşiri habar berýär.

Bu arbalet «Täze umyt» (Новая надежда), «Imperiýanyň jogap urgusy» (Империя наносит ответный удар) we «Jedaýyň gaýdyp gelmegi» (Возвращение джедая) filmlerinde ulanylypdy. Ol 300 müňden 600 müň dollar aralygynda bahalandyrylypdy, emma auksionda bahasy ýokarlandy. Satyn alanyň ady mälim edilmeýär.
Umuman, auksiona 450 sany zat çykaryldy. Mysal üçin, «Arwah awçylary» (Охотники за привидениями) filmindäki arwah tutujy 327,6 müň dollara satyldy. Arnold Şwarseneggeriň filmindäki Konanyň gylyjy we sahna arkasyndaky dört surat 176,4 müň dollara satyldy.
Maýkl Kitonyň «Betmen gaýdyp gelýär» (Бэтмен возвращается) filmindäki lybasy 157,5 müň dollara satyldy. «Garry Potter we Ýarymgan şazada» (Гарри Поттер и Принц-полукровка) filmindäki Damldoryň mantiýasy 81,9 müň dollara satyldy. Tom Kruzyň «Top Gan» (Топ Ган) filmindäki meşhur bomber kurtkasy we Waýnona Raýderiň «Pyçak elli Edward» (Эдвард Руки-ножницы) filmindäki köýnegi degişlilikde 81,9 müň we 15 müň dollara satyldy.


21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....