Aston Martin "Formula 1-däki" paýyny satmak bilen 125 million funt sterling toplady

  • 04.04.2025 16:23
  • 1.9k+

Aston Martin kompaniýasy Formula 1 toparyndaky minoritar paýynyň 74 million funt sterlinge satylandygyny habar berdi. Kompaniýa munuň uzak möhletleýin hemaýat şertnamasyna täsir etmejekdigine ynandyrdy.

Bu habar Aston Martin-iň başlygy Lourens Stroll kompaniýanyň işine ýene 52,5 million funt sterling möçberinde maýa goýumynyň goýulýandygyny yglan edeninde aýdyldy. Bu hereketler sport awtoulag öndürijisiniň likwidligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

"Men Aston Martin-e üýtgewsiz goldawymy we ygrarlylygymy aç-açan görkezmekden hoşal" – diýip, Stroll mälim etdi. 2020-nji ýyldan bäri özüniň we Yew Tree Consortium-daky hyzmatdaşlarynyň bu kompaniýa 600 million funt sterling töweregi maýa goýandygyny ýatlatdy we täze maýa goýumynyň bu brende ynanýandygyny tassyklaýandygyny aýtdy. Bu hereketler uzak möhletleýin baha döretmek, şol bir wagtda maýalaryň gidişini azaltmak üçin, Aston Martin-i güýçli platforma bilen üpjün etmek arkaly paýdarlary köşeşdirmeklige niýetlenendir.

Toparyň bir bölegini satandygyna garamazdan, Aston Martin azyndan 2030-njy ýyla çenli Formula 1-de galmagy maksat edinýär. Stroll hemaýatkärlik şertnamasynyň brendiň awtoulag sportuna gatnaşygyny güýçlendirjekdigine ynandyrdy.

"Aston Martin F1 toparyndaky paýnamalaryň ýakyn wagtda satylmagy bilen birlikde bazar bahasyndan ýokary teklip edilýän maýa goýumlary bu topar üçin 125 million ýewrodan gowrak likwidligi döreder" –diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


29.05.2026 23:29
4.3k+

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

03.04.2026 14:50
3.5k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....

01.04.2026 14:15
3.6k+

Üç tigirli Formula-1-iň stilindäki sport awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmak üçin taýýarlanýar

Amerikanyň Ryn Motors kompaniýasy “Formula 1” awtoulaglarynyň stilinde dizaýn edilen FP3 sport ulagyny işläp düzýär. Awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat bermek meýilleşdirilýär....

06.02.2026 13:09
1.1k+

McLaren onunjy Konstruktorlar kubogynyň şanyna 10 sany superkar çykarar

McLaren britan brendi Formula-1-de "Konstruktorlar Kubogynda" gazanan onunjy ýeňşiniň hormatyna çäkli mukdardaky Artura Spider Championship Edition superkaryny hödürledi. Bu awtoulaglardan dünýä boýunça diňe 10 sany öndüriler...