BMW täze «ýedilikleri» taýýarlaýar: olar 2027-nji ýylda satuwa çykarylar

  • 04.04.2025 15:24
  • 3.9k+

BMW «Alpina 7 Series» sedanyny gaýtadan çykarmaga taýýarlanýar. «Alpina B7» modeliniň önümçiligi 2022-nji ýylda bes edilipdi, ýöne Alpina brendi BMW-niň düzümine geçensoň, Mýunheniň inženerleri meşhur hatary dikeltmäge karar berdiler.

Täze modeliň birnäçe wersiýasynyň çykarylmagy meýilleşdirilýär, şol sanda iň güýçli benzinli görnüşi hem bolar.
Täze Alpina modeli 2027-nji ýylda resmi taýdan hödürlener. Bu häzirki nesil «BMW 7 Series-iň» (G70) 2026-njy ýylda restaýling edilmeginden bir ýyl soň bolar. G72 indeksi bilen çykjak täze model, 617 at güýjündäki V8 S68 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylar we ýumşak gibrid ulgamy bilen üpjün ediler. Bu model ozalky «Alpina B7» (591 at güýji) hem-de öňki flagman «M760i V12» bilen deňeşdirilende has güýçli bolar.

Mundan başga-da hatarlaýyn alty silindrli (740) hem-de iň kuwwatly sekiz silindrli (760) wersiýalaryň hem çykarylmagyna garaşylýar.
BMW «Alpina 7 Series-iň» elektrik wersiýalaryny hem işläp düzýär. 80 we 100 indeksli modeller Alpina brendiniň ilkinji elektromobilleri bolar. Ilkinji maglumatlara görä, iň güýçli elektrikli model 671 at güýjüne eýe bolup, ähli «ýedilikleriň» arasynda iň güýçlisi bolar.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......