OPEK+ maý aýynda nebit önümçiligini meýilnamadan üç esse artdyrmak barada ylalaşdy

  • 04.04.2025 13:10
  • 2.8k+

OPEK+ guramasynyň sekiz ýurdy (Saud Arabystany, Russiýa, Yrak, BAE, Kuweýt, Gazagystan, Alžir we Oman) 3-nji aprelde onlaýn duşuşyk geçirip, maý aýynda nebit önümçiligini günde 411 000 barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Bu öň meýilleşdirilenden tas üç esse köp bolar.

“Bazardaky durnukly ýagdaýy we bazar bilen bagly oňyn çaklamalary göz öňünde tutup, sekiz agza ýurt 2025-nji ýylyň maý aýynda önümçiligi günde 411 müň barrel artdyrar, bu üç aýlyk artdyrylma deňdir” – diýlip, guramanyň metbugat relizinde aýdylýar.

Çözgüt 2023-nji ýylda yglan edilen günde 2,2 mln barrel meýletin azaltmadan soň önümçiligiň kadaly derejesine kem-kemden gaýdyp gelmegiň bir bölegidir. Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygynda OPEK+iň sekiz agza ýurdy dünýäniň nebit bazarynda durnukly bahalary saklamak üçin şeýle ädimi ätmeli boldy. Önümçiligi meýletin azaltmagyň möhleti 2024-nji ýylyň oktýabr aýyndan gutarmalydy, ýöne Hytaý tarapyndan islegiň gowşaklygy we OPEK-e girmeýän ýurtlarda (ABŞ, Braziliýa, Kanada) önümçiligiň ýokarlanmagy bilen baglylykda nebitiň bahasynyň pese gaçmagy sebäpli, ol ençeme gezek uzaldyldy. Önümçilik 2025-nji ýylyň aprelinden kem-kemden dikeldilip başlandy.
OPEK-iň 2023-nji ýylyň başynda ylalaşan günde 1,65 mln barrel azaltmasy 2026-njy ýylyň dekabrynyň ahyryna çenli hereket edýär.
OPEK+ ýurtlarynyň indiki duşuşygy 5-nji maýda geçiriler. Onda iýun aýyndaky önümçiligiň derejesi kesgitlener.
OPEK+-iň gatnaşyjylary bazar şertlerine baglylykda önümçiligiň artdyrylmagyny togtadyp ýa-da ýatyryp biler.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan köp ýurtlara garşy girizilen gümrük haklaryndan soň, bahasy 4%-den gowrak pese gaçan nebit OPEK-iň çözgüdinden soň hem pese gaçmagyny dowam etdirdi. Brent söwda belgili nebit 5%-den gowrak arzanlap, bir barrel üçin 71 dollara golaýlady diýip, Reuters ýazýar.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......