Dünýäniň iň güýçli pasportlarynyň reýtinginde Irlandiýa birinji orny eýeledi

  • 04.04.2025 11:42
  • 14k+

Nomad Capitalist atly konsalting kompaniýasy dünýäniň iň güýçli pasportlarynyň reýtingi bolan «Nomad Passport Index 2025-i» çap etdi. 2025-nji ýylda reýtingiň birinji ornuny Irlandiýa eýeledi.

Bu indeksde 199 ýurduň raýatlygy seljerilýär. Bahalandyryşdaky iň esasy görkeziji – pasportyň eýesiniň näçe ýurda wizasyz syýahat edip bilýänligi boldy. Her pasport bäş esasy ugur boýunça seljerilýär:

  • wizasyz syýahat – 50%,
  • salgyt syýasaty – 20%,
  • dünýädäki abraýy – 10%,
  • goşa raýatlyk mümkinçiligi – 10%,
  • şahsy azatlyklar – 10%.

2020-nji ýylda Irlandiýa birinji orny Lýuksemburg we Şwesiýa bilen paýlaşypdy, geçen ýyl bolsa Şweýsariýa bilen bäsleşipdi. Indi bolsa ol bu orny özbaşdak eýeledi.
Irlandiýanyň birinji orny eýelemeginiň esasy sebäpleri – ýurduň pasportynyň eýeleriniň wizasyz girip bilýän ýurtlarynyň sanynyň köplügi, başga ýurtlara baranlarynda ýerinde wiza almak mümkinçilikleriniň bardygy, ETA (Electronic Travel Authorisation) ulgamy arkaly syýahat edip bilýändikleri, şeýle-de ýurduň raýatlygyny tiz we ýeňil usullar bilen alyp bolýanlygy.
Irlandiýanyň raýatlary Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýurtlarynda, aýratyn hem Beýik Britaniýada erkin ýaşap we işläp bilýärler. Gözlegiň awtorlary Irlandiýanyň halkara abraýynyň güýçlüdigini, salgyt taýdan amatlydygyny we raýatlyk meselelerindäki çeýeligini aýratyn belläp geçdiler.
Bu ýyl ikinji orny Şweýsariýa eýeledi. Onuň pasporty goşa raýatlyk hukugy we ýokary şahsy azatlyk derejesi bilen dünýädäki iň islegli pasportlaryň biri hasaplanylýar.
Üçünji orunda bolsa Gresiýa ýerleşýär. Bu ýurt soňky ýyllarda Ýewropa Bileleşiginiň çäginde maýa goýum arkaly göçmek we salgyt meýilleşdirişi babatynda möhüm oýunçy hökmünde tanalyp başlandy. Bu ýurt diňe baý adamlaryň däl, eýsem halkara derejesindäki maýadarlaryň hem ynamyny gazandy.
Ilkinji onlugyň dokuz orny Ýewropa ýurtlaryna degişli. Bu sanawda Portugaliýa, Malta, Italiýa, Lýuksemburg, Finlýandiýa, Norwegiýa we Täze Zelandiýa bar. Täze Zelandiýa bilen Birleşen Arap Emirlikleri onunjy orny paýlaşýarlar.
Ýaponiýa we Singapur bolsa, Henley & Partners tarapyndan düzülen meňzeş reýtingde öňdäki orunda dursalar-da, Nomad Capitalist-den pes baha aldylar – sebäbi bu ýurtlarda goşa raýatlyga çäklendirmeler bar. Şeýle-de Ýaponiýa salgyt babatda, Singapur bolsa şahsy azatlyklar taýdan pes baha aldy.
Reýtingiň iň soňky orunlarynda Pakistan, Yrak, Eritreýa, Ýemen we Owganystan ýerleşýär – olar 195-199-njy orunlary eýelediler.


10.06.2026 16:40
3k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......