Hytaýyň Beinao No.1 beýni implanty Neuralink bilen bäsleşip, synaglary çaltlaşdyrýar

  • 04.04.2025 11:24
  • 2.5k+

Hytaýyň beýni gözlegleri instituty (CIBR) we NeuCyber NeuroTech kompaniýasy Beinao No.1 beýni çibiniň kliniki synaglaryna başlady. Bu implanty eýýäm üç hassa aldy, ýylyň ahyryna çenli bolsa ol ýene on meýletinçä oturdylar diýip, Reuters habar berýär.

Şeýle depginler bilen hytaý taslamasynyň hassalaryň sany boýunça Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasynyň we Synchron kompaniýasynyň yzyndan ýetmäge gowy mümkinçiligi bar. Häzir olaryň, degişlilikde, üç we on sany implantly hassasy bar.
Beinao No.1 beýniniň ýüzüne ýerleşdirilýän simsiz çipdir. Şeýle usul Neuralink tarapyndan ulanylýan çuňňur implantasiýadan tapawutlylykda, dokuma zeper ýetmek töwekgelçiligini azaldýar. Şol bir wagtyň özünde, çip öz wezipelerinden üstünlikli baş çykarýar. Indiki ýyl, häkimiýetler tassyklandan soň, synagy 50 hassa çenli giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Munuň bilen bir wagtda Neuralink tehnologiýasyna meňzeş täze nesil çibi Beinao No.2 işlenip düzülýär. Onuň adamlarda synagy 12-18 aýdan başlar.
Işläp düzüjiler öz taslamalarynyň harby maksatlar bilen baglanyşyklydygy baradaky maglumaty ret edýär. Ol diňe ysmaz adamlara kömek etmek üçin döredildi. 


şu gün 16:10
511

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

düýn 09:37
1.7k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
911

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....