Amazon TikTok-y satyn almak üçin arza berdi

  • 03.04.2025 13:46
  • 8.3k+

Amazon ahyrky pursatda Hytaýyň ByteDance kompaniýasyna degişli TikTok-yň ABŞ-daky bölümini satyn almak üçin arza berdi. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «The New York Times» neşiri habar berýär.

Amazon öz teklibini ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wense we söwda ministri Goward Lýutnige iberen hatynda mälim etdi.
Şeýle-de bolsa, TikTok-yň eýeçilik gurluşyny üýtgetmek boýunça geçirilýän gepleşiklere gatnaşýan taraplaryň Amazon-yň teklibine çynlakaý garamaýandygy mälim edilýär. Amazon bolsa bu mesele barada düşündiriş bermek islemeýär.
Mümkin bolan alyjylaryň arasynda dürli wagtlarda Microsoft, Ilon Mask, meşhur bloger MrBeast hem-de hususy maýa goýum kompaniýasy Blackstone ýaly atlar agzaldy.
Ak tam TikTok resmi taýdan satylmazdan, diňe amerikaly maýadarlaryň kompaniýanyň paýdarlarynyň arasyna goşulmagy bilen hem bu meseläniň çözülip bilinjekdigini göz öňünde tutýar diýip, «The New York Times» neşiri belläp geçýär.
Ýatlatsak, 2024-nji ýylyň ýazynda ABŞ-nyň Wekiller palatasy TikTok Hytaýyň ByteDance kompaniýasynyň eýeçiliginde galan halatynda, ony ýurtda gadagan etmäge mümkinçilik berýän kanuny kabul edipdi. Kongress sosial toruň ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna howp salýandygyny öňe sürüp, Hytaýyň hökümetiniň ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryna elýeterliliginiň bardygyny aýdypdy. Aprel aýynda prezident Jo Baýden degişli kanuna gol çekipdi, şu ýylyň ýanwar aýynda bolsa, ABŞ-nyň Ýokary kazyýet ony güýjünde galdyrypdy.
20-nji ýanwarda wezipesine girişen Donald Tramp ABŞ-nyň baş prokuroryna bu kanunyň güýje girizilmegini 75 gün (5-nji aprele çenli) yza süýşürmegini tabşyrýan permana gol çekdi. Ol TikTok-yň ABŞ-da işlemegini dowam etdirmegi üçin, kompaniýanyň paýlarynyň 50%-niň ABŞ-nyň kompaniýalaryna geçirilmelidigini mälim edipdi.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......