Stiwen Spilberg dünýäniň iň baý meşhur şahsyýeti boldy

  • 02.04.2025 18:25
  • 5.5k+

78 ýaşly kinorežissýor we prodýuser Stiwen Spilberg “Forbes” žurnaly tarapyndan 2025-nji ýylyň iň baý meşhur şahsyýeti diýlip ykrar edildi. Onuň baýlygy 5,3 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar.

Spilberg “Dişler” (Челюсти), “Ýura eýýamynyň seýilgähi” (Парк Юрского периода), “Indiana Jons” (Индиана Джонс) ýaly köp sanly filmler bilen tanalýar. Ol ilkinji gezek Forbes boýunça iň baý amerikalylaryň sanawyna 1994-nji ýylda goşuldy. Şondan bir ýyl öň bolsa dünýäde 900 mln dollar ýygnap, üç “Oskar” alan “Ýura eýýamynyň seýilgähi” filmi çykypdy.
Režissýor hökmünde ol 30-dan gowrak filmi düşürdi, şeýle-de onlarça taslama prodýuserlik etdi. Mundan başga-da, oňa Universal dynç alyş seýilgählerinde petek satuwynyň 2%-i goşmaça girdeji getirýär.
Geçen ýyl reýtingiň lideri “Ýyldyz söweşlerini” (Звездные войны) dörediji Jorj Lukas bolupdy, şu ýyl onuň baýlygy 5,1 mlrd dollara çenli azaldy. Netijede, ol ikinji orunda ýerleşdi.
Üçünji orny 3,5 mlrd dollar bilen öňki basketbolçy Maýkl Jordan eýeledi. Dördünji orny telealypbaryjy Opra Uinfri we mediamagnat Winsent Makmen (hersinde 3 mlrd dollar) paýlaşýar.
Iň baý meşhur şahsyýetleriň sanawyna Jay-Z, Kim Kardaşýan, režissýor Piter Jekson, aýdymçy Teýlor Swift, basketbolçy Mejik Jonson we aktýor Taýler Perri hem girdi.
Milliarderleriň sanawynda ilkinji gezek aktýor Arnold Şwarsenegger peýda boldy, onuň baýlygy 1,1 mlrd dollara barabar. Forbes-iň hünärmenleriniň hasaplamagyna görä, ol öz kapitalynyň ýarysyna golaýyny onlarça filmde düşmek bilen, galanlaryny bolsa gozgalmaýan emlägiň, gymmatly kagyzlaryň we wençur maýa goýumlarynyň netijesinde gazandy.
Umuman alanyňda, Forbes meşhur şahsyýetleriň arasynda 18 milliarderi hasaba aldy, olaryň umumy baýlygy 39 mlrd dollara barabar. 


düýn 07:46
1.2k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....