Donald Tramp baýlygyny bir ýylda iki esse artdyrdy - Forbes

  • 02.04.2025 16:02
  • 10k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öz baýlygyny 2024-nji ýyldaky 2,3 mlrd dollardan 2025-nji ýylda 5,1 mlrd dollara çenli artdyrdy. Bu barada Forbes amerikan žurnaly habar berdi.

Neşiriň awtorlary “milliarderleriň diňe käbirleri üçin ýyl Donald Trampyňkydan gowy bolan bolsa gerek we bu diňe bir onuň ABŞ-nyň Prezidenti bolandygy üçin däl: Ak tama gaýdyp gelmezden ozal, ol öz gapjygyny kriptowalýuta girdejili maýa goýumlar bilen doldurdy” diýip ýazýar.

“On iki aý mundan ozal onuň syýasy geljegi durnuksyzdy, maliýe geljegi bolsa erbetdi. Onuň hasabynda, takmynan, 413 mln dollar nagt pul we Nýu-Ýork ştatynda galplyk barada 454 mln dollarlyk kazyýet çözgüdi bardy” – diýlip, materialda aýdylýar.

Forbes-iň maglumatlaryna görä, Trampyň kapitalynyň esasy bölegi gozgalmaýan emlägiň ($1,1 mlrd), golf klublarynyň we şypahanalaryň ($1,1 mlrd), şeýle-de likwid aktiwleriň ($770 mln) paýyna düşýär. Neşir onuň Trump Force One hökmünde belli bolan 1991-nji ýylda çykan Boeing 757-200 uçaryny, pensiýasyny, kaşaň jaýlaryny, çakyr zawodyny, şeýle-de jaý satyn almak üçin çagalaryna beren kreditini, onuň ygtyýarnama we dolandyryş işini ($120 mln) hem göz öňünde tutýar.
Şol bir wagtyň özünde Donald Trampyň hukuk jogapkärçiligi bar: 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli ýagdaýa görä, ol kazyýet çözgütleri boýunça, takmynan, 590 mln dollar tölemeli.

“Tramp Nýu-Ýork ştatynda iki kazyýet prosesiniň netijesinde çykarylan kazyýet çözgütleri boýunça tas 600 mln dollar tölemeli. Prezidentiň kazyýetde göreş alyp barýandygy sebäpli, gutarnykly çözgüde çenli aýlar ýa-da ýyllar geçip biler. Şol bir wagtyň özünde göterimler artmagyny dowam eder” – diýip, Forbes ýazýar. 


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......