2-nji görnüşli süýjüli diabet beýnä Altsgeýmer keseli ýaly täsir edýär - täze barlag

  • 02.04.2025 11:17
  • 3.9k+

Täze geçirilen ylmy barlagyň netijesine görä, 2-nji görnüşli süýjüli diabet (süýji kesel) beýnide Altsgeýmer keseliniň irki tapgyrlaryna meňzeş üýtgeşmeleri döredip bilýär. Alymlar gandaky ýokary şeker derejesiniň beýnidäki «anterior cingulate cortex» diýilýän bölüme zyýan ýetirýändigini anykladylar. Bu bolsa akyl ýetiriş (kognitiw) bilen bagly kynçylyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar diýip, «ScienceDaily» ýazýar.

Alymlar öňden hem 2-nji görnüşli süýjüli diabet bilen nerw ulgamynyň bozulmalarynyň arasynda baglanyşygyň bardygyny aýdýardylar. Statistikalara görä, süýji keselli adamlarda Altsgeýmer keseliniň döremek ähtimallygy sagdyn adamlara garanyňda 65% ýokarydy, emma bularyň arasyndaky arabaglanyşygyň anyk sebäpleri doly öwrenilmändi.
Las-Wegasdaky Newada uniwersitetiniň alymlary beýniniň «anterior cingulate cortex» diýilýän bölümine ünsi jemlediler. Bu bölüm adamlara karar kabul etmäge, öwrenmäge we duýgulary dolandyrmaga kömek edýär. Alymlar ilkinji gezek süýjüli diabeti bolan haýwanlarda bu bölümiň nädip işleýändigini seljermäge karar berdiler.
Geçirilen tejribeler süýjüli diabetiň beýniniň «anterior cingulate cortex» diýilýän bölümi bilen gippokampusyň (ýada we ugur tapmaga jogapkär bölüm) arasyndaky baglanyşygy bozýandygyny görkezdi. Barlagyň dowamynda geçirilen tejribeleriň birinde, süýjüli diabeti bolan haýwanlar baýrak hökmünde berilýän tagamly iýmitlerden öňküsi ýaly lezzet alyp bilmediler. Munuň özi Altsgeýmer keseliniň irki tapgyrlarynda ýüze çykýan akyl ýetiriş kynçylyklaryna meňzeýär. Agzalan tejribäniň dowamynda, sagdyn haýwanlar berlen baýraklardan lezzet alyp iýse, diabetli haýwanlar dessine täze bölekleri gözlemäge başladylar.
Barlagyň ýolbaşçysy Jeýms Haýmanyň sözlerine görä, bu açyş neýrodegeneratiw keselleri has ir anyklamaga we bejermek üçin täze usullary öwrenmäge kömek edip biler. Alymlar süýjüli diabetiň beýnä ýetirýän täsirleri boýunça gözleglerini dowam etdirerler. Geljekde olar diabetiň depressiýa ýetirýän täsirini hem öwrenmegi meýilleşdirýärler. Sebäbi beýniniň «anterior cingulate cortex» diýilýän bölümi duýgularyň emele gelmeginde uly rol oýnaýar. Onuň gowşamagy bolsa, depressiýa we 2-nji görnüşli süýjüli diabet bilen baglanyşykly bolan lezzet almak ukybynyň ýitirilmegine (angedoniýa) sebäp bolup bilýär.


09.06.2026 23:14
7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....