Adaty bolmadyk eplenýän Huawei Pura X-den bir günde 100 müň nusga satyldy

  • 02.04.2025 10:43
  • 3.5k+

Eplenýän Huawei Pura X smartfony  satuwa çykan ilkinji gününde uly gyzyklanma döretdi. Hytaýda bahasy, takmynan, 1000 dollar bolan smartfonyň ilkinji tapgyry bir günüň dowamynda satylyp gutardy diýip, «MyDrivers» ýazýar.

Modeliň şeýle meşhur bolmagy internetde çekeleşikleri döretdi. Ilkinji tapgyryň mukdarynyň çäklidigi mälim edildi. Käbir ulanyjylar smartfony çykan güni satyn almandyklary üçin gynandylar.
Huawei Pura X dünýäde ilkinji 16:10 ölçegli eplenýän smartfon bolup, açylan wagty ol planşede meňzeýär. Daşky 3,5 dýuýmlyk ekrany 980 × 980 piksel durulyga, 1-den 120 Gs çenli täzeleniş ýygylygyna we 1440 Gs PWM ýagtylyk sazlamasyna eýe. Enjam UTG aýna bilen örtülen we IPX8 derejesinde suwa çydamly.
Smartfon hemra aragatnaşygyny goldaýar. Esasy kamera – 50 MP, goşmaça 3,5 esse zumly teleobýektiw we 40 MP giň burçly kamera bilen enjamlaşdyrylan. 4720 mA·sag sygymly batareýasy 66 Wt tiz zarýad berşi we 40 Wt simsiz zarýad berşi goldaýar.


10.05.2026 13:00
12k+

2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara......

06.05.2026 09:23
4.7k+

Hytaýda ekizleriň halkara festiwaly geçirilýär

Hytaýyň Ýunnan prowinsiýasynyň Moszýan-Hani awtonom uezdinde dünýäniň 20 ýurdundan gelen müňden gowrak ekiztaýlary birleşdirýän «Tropik Raka» atly köpöwüşginli halkara festiwaly başlandy....

04.05.2026 23:04
7.4k+

Hytaýda ilat sanynyň 60 million adam azalmagyna garaşylýar

«South China Morning Post» (SCMP) neşiriniň Rhodium Group ylmy-gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp berýän habaryna görä, Hytaýyň ilaty ýakyn on ýylyň içinde 60 million adam azalyp biler. Bu......

30.04.2026 16:17
4.2k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....