Hytaýly alymlar beýleki planetalardan ýaşaýyş gözlemek üçin ekspedisiýalary meýilleşdirdiler

  • 01.04.2025 20:29
  • 7k+

Ýaňy-ýakynda Hytaýyň Milli kosmos müdirliginiň ýanyndaky Uzak kosmos barlaglary  laboratoriýasy (CNSA) tarapyndan hödürlenýän slaýd Internetde peýda boldy. Onda Ýerden daşarda ýaşaýyş gözlemek bilen baglanyşykly boljak geljekki missiýalar görkezilýär diýip, SpaceNews habar berýär.

Hytaý öz taslamalarynyň jikme-jikliklerini öňünden örän seýrek ýagdaýda açýar, şonuň üçin, hatda bu bölejik maglumat hem uly gyzyklanma döretdi.
“Týanwen-3” ilkinji missiýa bolar we onuň çäklerinde 2028-nji ýylda Marsa apparat ugradylar. Apparat topragyň nusgalaryny ýygnap, olary derňew üçin Ýere getirer.
2029-njy ýylda Ýupitere “Týanwen-4”-i uçurmak meýilleşdirilýär. Zond suwuk suw ummanynyň bolup biljek ýerine - onuň hemrasy Kallistonyň orbitasyna çykar. 2030-njy ýyla çenli Ýerdäki laboratoriýa şertlerinde şol ýeriniň daşky gurşawynyň hakyky nusgasy döredilmelidir. 2033-nji ýylda atmosferanyň ýokarky gatlaklaryndan nusgalary ýygnamagyň we getirmegiň missiýasyny guramak meýilleşdirilýär. 2038-nji ýylda Hytaý Marsda barlag merkezini döretmek isleýär we 2039-njy ýylda bolsa Neptuna we onuň hemrasy Tritona ýadro energiýasy bilen işleýän apparaty ibermek isleýär.
Bu meýilnamalary amala aşymagyň näderejede mümkindigini entek aýtmak kyn. “Týanwen-3” doly amala aşyryp boljak taslama hasaplanýar, şol bir wagtyň özünde “Tianwen-4” missiýasynyň jikme-jiklikleri üýtgedi, bu taslamanyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny ýa-da taslamalaşdyryş tapgyryndadygyny aňladyp biler.
Neptuna boljak missiýa iň şübhelisi, sebäbi ýadro hereketlendirijisi tehnologiýasy, hatda ABŞ üçin hem häzirlikçe elýeterli däl bolmagynda galýar.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

11.06.2026 23:52
6.8k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......