Finlýandiýaly alym matematikleriň 40 ýyl kelle döwen meselesini çözdi. Oňa örme kömek etdi

  • 01.04.2025 20:22
  • 9.8k+

Finlýandiýanyň Ýýuýwýaskýulýa uniwersitetinden matematik Sýuzanna Heýkkilýa 1981-nji ýylda Mihail Gromow tarapyndan öňe sürlen meseläni çözdi. Bu mesele finlýandiýaly alym örmäniň kömegi bilen mysal getirýänçä, häzire çenli jogapsyz galypdy diýip, SciTechDaily habar berýär.

Heýkkilýanyň işi matematikanyň geometriki obýektleriň ýa-da giňişlikleriň aýratynlyklaryny we formalaryny öwrenýän bölüminde – topologiýada öňegidişlik boldy. 1981-nji ýylda sowet-fransuz matematigi Mihail Gromow islendik ýylmanak, ýapyk, deşiksiz köp ölçegli şekili (mysal üçin, dört ölçegli sfera) tekiz giňişligi süýndürmek we ýoýmak arkaly alyp bolarmy diýen soragy orta atdy.
2019-njy ýylda Aleksandr Praýwes dört ölçegli giňişlikde bu tassyklamanyň dogrulygyny ret edýän mysaly gurdy. Indi Heýkkilýa haýsy şekilleri şeýle usul bilen alyp boljakdygyny görkezdi.
Ol matematikadan daşary örmek işleri bilen gyzyklanýar, şonuň üçin ony topologiýany wizuallaşdyrmakda amatly usul diýip hasaplady. Alym öz açyşyny düşündirmek üçin şekilleriň modellerini örüp, olary öz işini goramakda ulandy.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....