Chanel brendi Chance seriýasynda täze Eau Splendide hoşboý ysyny çykardy

  • 31.03.2025 08:43
  • 2.5k+

Chanel brendi Chance seriýasynda täze bir hoşboý ysy – Eau Splendide-i hödürledi. Bu seriýada bäşinji hoşboý ys we Simona Kattaneonyň ýolbaşçylygynda birinji atyrdyr diýip, WWD habar berýär.

Kattaneo geçen ýylyň sentýabr aýynda brendiň kosmetika we parfýumeriýa liniýasyna ýolbaşçy boldy.

“Formulany özümiz işläp taýýarlaýarys we düzüme gözegçilik edýäris. Chanel jasminiň we bägüliň köp bölegini Grassdaky öz meýdanlarynda ösdürip ýetişdirýär” – diýip, ol belledi we üpjünçilik zynjyryna şeýle doly gözegçiligiň parfýumeriýa pudagy üçin häsiýetli däldigini sözüniň üstüne goşdy.

Eau Splendide-i döretmek bilen brendiň içki parfýumeri Oliwýe Polž meşgullandy. Hoşboý ysyň satuwy 15-nji aprele meýilleşdirilýär.

01.06.2026 17:04
2.4k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.7k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....