Hytaýda tunnel gazmak üçin iň uly burawly enjam guruldy

  • 30.03.2025 20:17
  • 10k+

Hytaýda tunnel gazýan dünýäde iň uly diametrli “Qiangji” enjamy ýasaldy. Maşyn Hançžou welaýatynda suw akdyryjy tunnelleri gurmakda ulanylar diýip, ITHome habar berýär.

Maşyn topragyň basyş kompensatory bilen iki galkana eýe boldy. Onuň gazyp biljek tunneliniň diametri 12,68 metr, umumy uzynlygy – 107 metr, agramy – 3500 tonna. Buraw enjamynyň esasy wezipesi Hançžou-Szýasin-Nanpaý günbatar kanalynyň günorta böleginde 350 metre çenli çuňlukda 12 km tunneli geçirmekden ybarat.
Gurluş dürli jynslar bilen netijeli işlemäge mümkinçilik berýän iki režimli “Earth Pressure Shield — Double Shield Tunnel” burawlama ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle-de, topragy çykarmagyň intellektual ulgamy we burawa zeper ýetmek töwekgelçiligini azaldýan geologiki çaklama moduly göz öňünde tutuldy.
“Qiangji” maşynyny synap görmek üçin ilkinji taslama iň uly tunnel diametri we ýerleşme çuňlugy bolan tunnel zeýkeş ulgamydyr. Taslama suw akdyryjylygy gowulandyryp, suw basmalarynyň howpuny azaltmaly. Geljekde maşyn Taýhu kölüniň basseýniniň suw akdyryjy ulgamyna düşýän agramy azaltmaga we Hançžou şäher zolagyny goramaga kömek eder. 


11.06.2026 23:52
7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.8k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......